ÇYRAGLY BILIMIŇ DATLY MIWESI

30.06.2025

Häzirki döwürde türkmen raýatlary, hususan-da, ýaşlarymyz, döredilip berilýän giň gerimli mümkinçiliklerden peýdalanyp, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek bilen ýurdumyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşleri bedew bady bilen öňe ilerleýär. Muňa biz ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türk menistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi niň, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy ýaly ýetilen sepgitlerde aýdyň göz ýetirýäris.

Ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň baş maksady hem ösüp gelýän ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemekden, ýaşlary ylmy işlere çekmekden, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmakdan, Watanymyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şundan ugur alnyp, berkarar döwletimizde ýaşlaryň ylmy-döredijilik üçin işlerine höweslenmekleri, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli şertler döredilendir.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda bilelikde yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigi hem şeýle mümkinçilikleriň biridir. Maňa hem hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanylýan, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan ýylda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu ylmy bäsleşikde «Ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň we amatly daşky gurşawy üpjün etmegiň milli we häzirki zaman kanunçylyk ugurlary» atly ylmy işim bilen gatnaşdym.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda zähmet çekýän ýaşlarymyzyň hünär ussat ly gynyň ýokarlandyrylmagy, durmuş we ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy, olara dünýäniň iň ýokary gazanan tehnikalaryna, tehnologiýalaryna erk edip bilmekleri üçin uly şertler döredildi. Bu şertlerden netijeli peýdalanyp, ýüregi Watan diýip urýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda sportda, döredijilikde, medeniýetde we sungatda tapawutlanylanda, ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli çärelere gatnaşylanda ukyp-başarnygymyza berilýän baha bizi has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ähli bagtyýar ýaşlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda mukaddes Watanymyza ak ýürekden gulluk edýäris.

Watançy ýaşlara hemişe goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, berkarar döwletimizi öňe alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun!

Göwher HYDYROWA, Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.