DURMUŞYŇ GÜL-GUNÇALARY

08.07.2025

Çaga durmuşyň güli. Çagalar Watanymyzyň geljekki eýeleri. Türkmenistan bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Ata Watanymyzda körpe nesil barada edilýän aladalar häzirki döwürde alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biridir. Hut şu nukdaýnazardan hem, bagtyýar nesilleriň sowatly, döwrebap ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji iýunynda bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Ilkinji gezek 1950-nji ýylda baýram edilen bu sene çagalary hormatlamak we olaryň hukuklaryny ilerletmek üçin örän oňat mümkinçilik boldy.

Ýaş nesil hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Çünki şu günki çagalar ertir ýurdy dolandyrmaly, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin işlemeli, döretmeli, gurmaly hünärmenlerdir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, köp çagaly maşgalalara goldaw-hemaýat bermek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Diýarymyzda ýaş nesliň ýokary derejede üns-alada bilen gurşalyp alnandygyny ýaş raýatlaryň hukuklarynyň doly berjaý edilmegini kepillendirýän kanunçylyk namalarynyňdyr maksatnamalaryň kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Esasy Kanunymyzda döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilýändigi, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edilýändigi kesgitlenen. Şundan ugur alnyp, çagalaryň hukuklaryny goramak maksady bilen, milli kanunçylygymyz yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň Zähmetkodeksi, Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeks, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar bu ugurda alnyp barylýan işleriň pugta kanunçylyk binýadyny emele getirýär.

Ýurdumyz çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ulgamynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, çagalaryň hukuklaryny goramak, öz ýaş raýatlarynyň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek meselelerini çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini bütin dünýä äşgär edýär we bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 29-njy martynda gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilmegimöhüm taryhy ähmiýete eýe boldy.

Häzirki wagtda bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Diýarymyzyň dürli künjeklerinden bolan çagalara degişli lukmançylyk bejergileri geçirilýär, täze «Tiz kömek» awtoulaglary satyn alynýar. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň hassahanalara baryp, çagalaryň saglyk ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanmagy, gymmatly maslahatlaryny bermegi bejergi alýan çagalardyr olaryň ene-atalary üçin aýratyn ruhy goldawdyr. Munuň üçin halkymyz Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýar.

Bagtyýar çagalaryň ýüzündäki şatlyk Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine, saglygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň anyk beýanydyr.

Şemşat GURBANGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň işgärler bölüminiň hünäri ýokarlandyryş bölümçesiniň uly prokuror-metodisti, 2-nji derejeli ýurist.