MERTEBÄMIZ HEM BUÝSANJYMYZ

16.07.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baş tutanlygynda zenanlara uly hormat-sarpa goýulýar. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we kül petlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri — beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler» diýlip bellenilýär. Bu bolsa kämil şahsyýetleriň ene mertebesine goýýan hormatynyň adamzat taryhynyň irki döwürlerinden bäri dowam edip gelýän aýdyň ýörelgesidiginiň subutnamasydyr.

Döwletimizde zenan hukuklarynyň goragy, deňhukuklylygy her bir maşgalanyň abadançylygy we jemgyýetiň ösmegi, ynsan nesliniň dowamaty, sagdyn we ruhubelent nesiller üçin kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi nukdaýnazardan möhüm şertleriň biridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi we deňhukuklylygy üpjün etmek boýunça amatly şertler döredilýär. Gender syýasaty jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna zenanlaryň deňhukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Konstitusion ýörelgelere esaslanyp, şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanda gender ugurly işjeň milli syýasat durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň maksady jemgyýetiň ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda gender çemeleşmeli döwlet syýasatyny işläp taýýarlamagyň ýagdaýy na we ony durmuşa geçirmäge geljekki ösüş gurallaryny ornaşdyrmak bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenan mertebesini barha belende götermek babatda milli ýörelgelerimiz halkara gender deňliginiň kadalary bilen utgaşdyrylyp, giň gerimde dabaralandyrylýar.

Zenan mertebesiniň hukuk goraglylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlary boýunça ýurdumyza hyzmat etmekleri üçin şertleriň döredilmeginiň, durmuş ýeňillikleriniň üpjün edilmeginiň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Şemşat GURBANGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň işgärler  bölüminiň hünäri ýokarlandyryň bölümçesiniň uly prokuror-metodisti.