DAÝHANLAR HAKDA ALADA

27.07.2021

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiz irginsiz alada edýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýer bilen bagly kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, halkymyzyň ýerden bol hasyl alyp, çeken zähmetiniň hözirini görmekleri üçin zerur bolan ähli şertleri döredýär. «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, kämilleşdirilen kanunçylyk namasy bolup durýar. Agzalan Kanunyň 8-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 10-njy bendinde: «Döwlet ýer kadastry babatda ygtyýarlandyrylan edara ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi bu ugurdaky öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmegi, jemlemegi we ýaýratmagy amala aşyrýar» diýlip bellenilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda hususy önüm öndürijileri, şol sanda daýhan hojalyklaryny goldamak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Hususy önüm öndürijilere ýardam etmek, ýer almak üçin ýüz tutýan önüm öndürijilere, daýhan hojalyklaryna 99 ýyllyk möhletine ýeri peýdalanmaga bermek bilen baglanyşykly işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ekin dolanyşygyna girizilen ýerleriň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän dürli oba hojalyk ekinleriniň, galan ýer böleginde ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýetişdirmäge rugsat berilýändigi barada bellenilmegi ýerleriň netijeli peýdalanylmagyna we bol hasyl alynmagyna giň mümkinçilik berýär. Bu işleriň göwnejaý alnyp barylmagy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde hem täze daýhan hojalyklarynyň döremegine, ozal bar bolan daýhan hojalyklarynyň işiniň netijeliliginiň has hem ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Annamyrat Amangeldiýew, Çärjew etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.