GAÝRAT SAŇA HALAL TÜRKMEN DAÝHANY!

15.08.2025

      Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň oba senagat toplumynda başyny başlan beýik özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilip, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» Permanyna laýyklykda, täze taryhy döwrümizde obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler öz mynasyp miwelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlary mundan beýläk-de yhlasly, öndürijilikli, netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Gallanyň we gowaçanyň, şalynyňdyr gant şugundyrynyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek üçin tohumyň, döküniň, himiki serişdeleriň, tehniki hyzmatlaryň harajatlarynyň döwlet tarapyndan doly üpjün edilmegi, daýhanlara yzygiderli hemaýat-goldawlaryň berilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmegiň girewidir. 

    Oba hojalygynda geçirilýän oňyn özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Olar üçin oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere dünýäde meşhur kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalaryny we gurallaryny, önümçilik kärhanalary üçin döwrebap enjamlary satyn almaklary, önümçilige öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmaklary babatda ähli şertler döredilýär. Oba hojalygynda iş alyp barýan hususy önüm öndürijiler üçin amatly şertleri döretmäge we olary maliýe taýdan goldamaga hem uly ähmiýet berilýär. Döwlet tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlar berilýär. Obasenagat toplumyndaky özgertmeler hormatly Prezi den timiziň ýurdumy zyň önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Netijede, daýhanlarymyz täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, azyk bolçulygy üpjün edilýär, halkymyzyň we her bir maşgalanyň durmuş üpjünçiligi has-da ýokarlandyrylýar. 

    Ýurdumyzda «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki hukuk namalaryna laýyklykda hem-de halkara tejribelerden ugur alnyp, tohumçylyk işine möhüm ähmiýet berilýär. Ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy barlaglaryň kämilleşdirilmegi, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini yzygiderli artdyryp, hünär derejesini ýokarlandyrmaklary oba hojalyk pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirdi. Bu ugry ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň işleriniň döwrebap ýola goýulmagy ýurdumyzyň alymlary üçin buýsançly waka boldy. Munuň özi ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän görnüşlerini döretmek boýunça tohumçylyk we seçgiçilik işini has-da kämilleşdirmäge, oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga itergi berýär. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge oňyn şertleri döredýär.

    Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 29-njy maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 4-nji iýunynda Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragy na badalga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly tabşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmek, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegi dowam etdirmek berk gözegçilikde saklanylýar. Sebäbi daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga wagtda, ýitgisiz ýygnalyp alynmagy ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. 

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda galla oragyny guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Munuň özi ýurdumyzda galla oragyny üstünlikli we ýokary derejede geçirmekde möhüm guramaçylyk esasyna öwrüldi. Agzalan Karar bilen «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

    Ösüşlere beslenýän döwrümizde obasenagat toplumyna gelip gowuşýan galla kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň, öndürijilik kuwwatynyň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän derejede bolup, olaryň öndürijiligi ýokary görkezijilere eýedir. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kombaýnlarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, ýetişdirilen hasylyň gysga wagtda, isripsiz we ýokary hilli ýygnalyp alynmagy ugrunda edýän yzygiderli tagallasynyň oňyn netijesidir. 

    Halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyzyň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! 

Didar ORAZOW, Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.