18.08.2025
Dünýäde dost-doganlygyň mekany, parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler täze many-mazmuna eýe bolýar.
Halkara giňişlikde dünýä döwletleri bilen «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip, dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde möhüm ugurlar bilen bir hatar da, medeniýetimizi, milliliklerimizi, mirasymyzy goramakda, aýawly saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde, dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler üstünliklere beslenýär. Şunda halklaryň özara düşünişmegine ýardam edýän medeni dialoga aýratyn orun berilýär. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygaryna hemde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylly gyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolan medeni diplomatiýany ilerletmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işler bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir.
Bu festiwala Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Fransiýadan, Eýrandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan kompozitorlar, dirižýorlar, opera aýdymçylarydyr sazandalar gatnaşdylar. Festiwalyň çäklerinde myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine, beýleki gözel ýerlerine gezelençler guraldy. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlary bilen geçirilen döredijilik duşuşyklary, meşhur artistleriň sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary üçin geçiren ussatlyk sapaklary bu giň möçberli medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda», «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary asyrlardan gözbaş alýan medeniýetimizi, milli taryhy-medeni mirasymyzy, milliliklerimizi goramagyň, aýap saklamagyň, dünýä ýaýmagyň hukuk binýady bolup hereket edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmäge, umumadamzat üçin juda ähmiýetli bolan parahatçylyk medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen medeniýet strategiýasy ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň hem äh miýetini artdyrýar.
Alym Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitaplarynda milli aýdym-saz sungatymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhynda, ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde tutýan aýratyn orny giňden beýan edilýär. Munuň özi ýaş nesilleriň kalbynda türkmen aýdym-saz sungatyna, bagşyçylyk ýollaryna bolan söýgini has artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly: «Bu halkara festiwalyň «Parahatçylyk sazy» diýlip atlandyrylmagynda hem-de onuň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginde uly many bar. Sungat dünýä halklaryny hemişe biri-birine ýakynlaşdyryp gelýär. Sungatyň güýji häzirki döwürde medeniýetleri we köňülleri birleşdirmegiň berk binýadyna öwrüldi».
Medeniýetiň, sungatyň kämilleşmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun!
Sähetguly NAZAROW, Murgap etrabynyň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.