22.08.2025
Düzgün bozulmalaryň her hili ýüze çykmagynyň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini, mähriban Watanyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna halal zähmet çekmegi wagyz etmek hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Şondan ugur alyp, biz bilim ojaklarynda, zähmet toparlarynda ýygy-ýygydan bolup, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarys. Geçirýän wagyz-nesihat işlerimizde din wekilleriniň, lukmanlaryň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşyp, çykyş etmeklerini guraýarys.
Geçirýän şeýle wagyz-nesihat çärelerimiz özüniň gowy netijelerini hem berýär. Ýaş nesiller indi özleriniň boş wagtlaryny bedenterbiýä we sporta, welosiped sportuna, kitap okamaga, jemgyýete peýdaly beýleki güýmenjelere sarp edýärler. Bu zatlar üçin bolsa Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda örän ajaýyp mümkinçilikler bar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini adaty ýagdaýa öwürmek, bedenterbiýäni we sporty rowaçlandyrmak baradaky syýasaty halkymyz tarapyndan tüýs ýürekden oňlanylýar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdylýar.
Bilbil SAPAROWA, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.