DÖWLETLILIGIŇ WE MILLI MERTEBELILIGIŇ BAÝRAMY

26.08.2025

       Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda umumymilli baýramlar giň gerimi bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini düýn ýurdumyzda uludan bellenilip geçilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Çünki bu baýram halkymyzyň mizemez jebisliginiň we agzybirliginiň, merdana pederlerimiziň parasatly wesýetlerine ygrarlylygynyň nyşanydyr.

       Adamzadyň kemala gelmeginiň iň irki döwürlerinden bäri jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak möhüm mesele bolup durýar. Bu babatda döwlet we jemgyýetçilik institutlary ýüze çykypdyr. Häzirki ösen maglumatlar jemgyýetinde çylşyrymly gurluşa eýe bolan bu institutlaryň işini ýokary derejede ýola goýup, raýatlaryň deň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça kanunçylyk-hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik ösüşinde möhüm tapgyr boldy.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr». Dogrudan-da, hukuk nukdaýnazaryndan alanyňda, Konstitusiýa döwletiň jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny, häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň, işlemeginiň tertibini hem-de ýörelgelerini, saýlawlar we sala salşyklar ulgamynyň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny we borçlaryny, döwletiň häkimiýet şahalarynyň gurluşyny we häkimiýet şahalarynyň hem-de wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän ýurduň Esasy Kanuny hasaplanýar. Şunda ýurdumyz üçin döwletliligiň, jemgyýetimiziň gurluşynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän Konstitusiýamyzyň orny, ähmiýeti has aýdyň ýüze çykýar. Halkymyzyň paýhasyny, geljege ymtylyşyny ýüze çykarmagyň, goldamagyň, kanunlar bilen berkitmegiň binýady bolan Konstitusiýamyz bizi uly üstünliklere, belent ýeňişlere ruhlandyrýan köňül buýsanjymyzdyr.

       Eziz Watanymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarydyr taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän merdana halkymyz öz bagtyýar durmuşyny hem-de ýagty geljegini ynamly gurýar. Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky pikirleri, nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek, hoşniýetlilik, adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň özenini düzýär. Şonuň üçin-de, bu gün halkymyz gadymy taryhynyň belentligine oňat düşünip, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi bellemek bilen, paýhasly pederlerimiziň ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýýar. Konstitusiýa esasy ýörelgeleri beýan etmek bilen, ol döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp baýlaşdyrylýar we kämilleşdirilýär.

       Halklaryň, ýurtlaryň taryhy barada söhbet açylsa, döwletlilik, tug, kanunçylyk ýaly düşünjeler gürrüňiň özenini düzýär. Sebäbi bu sözleriň ählisi-de Watan düşünjesi bilen manydaş. Olar uzak taryhyň dowamynda Watan düşünjesi bilen bir bitewülige öwrülip gidipdir. Şonuň üçin-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmeginde uly many bar.

       Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.

       Jemläp aýdanyňda, Konstitusiýa ýurduň Esasy Kanuny bolup, ähli kadalaşdyryjy hukuk namalary ondan gözbaş alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurduň raýatlarynyň parahat we asuda ýaşaýşyny kepillendirýän, hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän kanunçylyk-hukuk binýadynyň düýp özenidir, raýatlaryň isleg-arzuwlarynyň, meýilleriniň hukuk kadalaşdyrylmasynyň ýüze çykmasydyr. Ynsan isleg-arzuwy, mertebesi bilen bagly gymmatlyklara hemişe aýratyn hormat bilen garaýar, olary mukaddesleşdirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni hut şu pikir-garaýyşlardan, mukaddes düşünjelerden ugur alnyp, her ýyl döwlet derejesinde mynasyp baýram edilýär. Çünki Döwlet baýdagy özbaşdaklygyň, erkinligiň nyşany, milli buýsanjyň ýüze çykmasy hökmünde belentde parlaýar.

Jennet ARAZOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.