Ak pagta beslenýän şäher

15.09.2025

      Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, ähli düzümlerine sanly ulgamyornaşdyrmakda «akylly» şäher konsepsiýasynyň häzirki zaman çözgütlerini özünde jemleýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň batlydepginlerde gurulmagy bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyňGalkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysadytaýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň ýokarynetijelerini dabaralandyrýar.

      «Akylly» Arkadag şäheri diňe bir sanly we «ýaşyl» tehnologiýalaryňsazlaşykly utgaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi boýunça «Habitat — III» maslahatynda tassyklanan «Täze şäher gün tertibi» konsepsiýasynydurmuşa geçirmegiň nusgalyk tejribesidir. Hut şonuň üçin hem sanlykonsepsiýanyň kämil çözgütlerini özünde jemleýän sebitde ilkinji gurlanbu «akylly» şäher halkara derejeli sertifikatlaryň onlarçasyna mynasypboldy.

      Asman jisimlerini öwrenýän «KosmosÝer» jemgyýetiniň alymlarynyňArkadag şäherine bolan buýsanjynyň we guwanjynyň nyşany hökmündeasman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýmaklarybolsa älem-jahanyň Milli Liderimiziň beýik işlerinden hoşaldygynyňbeýany boldy. Dünýäniň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ähli ýörelgelerini, milli medeniýetimiziň baý öwüşginlerini, ykdysadyýetimiziň ägirtkuwwatyny dabaralandyrýan Arkadag şäherini synlanymyzda, bu ajaýypşäheriň aýratynlyklary hakynda ýazylan eserleri okanymyzda, Arkadagşäheri hakyndaky kinofilmlere tomaşa edenimizde, «Arkadag şäherigeljegiň şäheri» atly eserde beýan edilen aşakdaky buýsançly setirlerhakydaňa dolýar. «Arkadag şäheriniň ady adamlaryň kalbyny tolgundyryjyduýgularda besleýär. Çünki bu şäheriň «Arkadag» diýen ady halkyňdaýanjyny, buýsanjyny, jebisligini we ygrarlylygyny aňladýar. Bu şäherdeGahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adamlaryň oňaýlyşertlerde ýaşamagy hakyndaky aladalary amala aşyryldy, geljegiň arzuwlaryhakykata öwrüldi». 

      Soňra bolsa: «Goý, dünýäde parahatçylyk bolsun! Arkadag şäheri ýaly uly-uly şäherler gurlup, adamlar eşretli durmuşda ýaşasyndiýen ajaýyparzuwly setirleri öwran-öwran gaýtalaýarsyň. Ýurdumyzyň ähli sebitlerindeösen zamanyň döwrebap mümkinçilikleri döredilen häzirki zaman obalary, şäherleri gurýan, ýurdumyzda senagat zolaklaryny döredip, Watanymyzydünýäniň ösen senagat ýurduna öwürýän Arkadagly GahrymanSerdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyňjanlary sag, işleri rowaç bolsun, halkymyzyň we dünýäniň parahatçylyklyösüşine gönükdirilen paýhasly we sahawatly işleri hemişe üstünliklerebeslensin!

      Batyr BERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň
uly sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.