19.09.2025
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn daşary syýasy ýörelgämiz halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary ösdürmekde, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde nusgalyk işleri alyp barýan Bitarap döwletdir.
Bilşimiz ýaly, Bitarap Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda parahatçylyk, ynanyşmak, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, sebitara dialogyň ähmiýetine aýratyn üns berýär. Sebitara hyzmatdaşlygy, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnama örän ähmiýetlidir.
Mälim bolşy ýaly, 21-nji martda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm taryhy wakasy boldy.
Kararnamada, hususan-da, parahatçylykly gepleşikleri geçirmek üçin bitarap ýurtlaryň çäkleriniň netijeli ulanylmagy maslahat berilýär, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda öz çäginde Parahatçylygyň bähbidine ylalaşdyryjy merkezi döretmek baradaky teklibi nygtalýar. Onda 2020-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň işi aýratyn beýan edilýär hem-de, Türkmenistanyň Hökümetiniň 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy geçirmek baradaky çözgüdi goldanylýar.
Türkmen Bitaraplygyny üçünji gezek ykrar edýän Kararnama bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda kabul edildi. Görnüşi ýaly, asylly ýol dowamata uzaýar. Kararnamada beýan edilenler, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeler bilen utgaşyp, Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýar.
Parasatly taglymatlary, beýik başlangyçlary bilen döwletimizi, halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Milli Liderimiziň – hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan içeri we daşary syýasaty mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Şemşat GURBANGELDIÝEWA
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Işgärler bölüminiň
Hünäri ýokarlandyryş bölümçesiniň uly prokuror-metodisti