GATNAŞYKLARYŇ DÖWREBAP KANUNÇYLYK ESASLARY

01.10.2025

Raýat-hukuk gatnaşyklary babatda onuň şahsy hukugy Türkmenistanyň hukugy bolup durýar.
Eger şahsda birnäçe daşary ýurtlaryň raýatlygy bar bolsa, bu şahsyň ýaşaýan ýeri bolan ýurduň hukugy şahsy hukuk diýlip hasap edilýär.
Raýatlygy bolmadyk adamyň şahsy hukugy bolsa, şol şahsyň hemişelik ýaşaýan ýurdunyň hukugy diýlip hasap edilýär.
Bosgunyň şahsy hukugy hem oňa gaçybatalga beren ýurduň hukugy diýlip hasap edilýär.

Bu kadalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda diňe bir raýatlaryň däl, eýsem ähli adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda goraglylygynyň ýene-de bir kanuny kepillikleriniň biri bolup durýar.

Kodeksiň täze beýanynda milli kanunçylyk tejribämize laýyklykda borçnama diýen düşünjäniň we onuň mazmunynyň doly açylyp görkezilmegi, şeýle hem borçnamanyň ýüze çykmagy ýa-da onuň mazmunyny üýtgetmek üçin şertnama gatnaşyjylaryň arasynda şertnamanyň baglaşylmagynyň zerurdygy bellenilýär.
Şeýle-de, borçnamanyň zelel ýetirilmegi, esassyz baýlaşmak ýa-da kanunda göz öňünde tutulan gaýry esaslar zerarly ýüze çykýan halatlaryň girmeýändigi baradaky kadalaryň anyk beýan edilmegi, raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kämil hukuk binýadyny emele getirýär.

Şonuň ýaly-da, Kodeksde şertnamanyň erkinligi, şertnamanyň baglaşylmagy, görnüşi, standart şertleri, ýerine ýetirmekden ýüz öwürmek we onuň netijeleri baradaky kadalaryň mazmun taýdan döwrebaplaşdyrylmagy hem taslamanyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Häzirki döwürde borçnamalaryň giňden ýaýran görnüşleriniň biri potratçylykdyr.
Kodeksiň täze beýanynda potratçylyk şertnamasy, potratçynyň we buýrujynyň borçlary, işe kömekçi potratçyny çekmegiň aýratynlyklary baradaky kadalaryň döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegi, bu ugurda ýüze çykýan borçnamalaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň kämilleşmegini we ýerine ýetirilýän işlerde kanunçylygyň berjaý edilmegini üpjün eder.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär.
Kodeksde syýahatçylyk işi, şol sanda syýahatçynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen hyzmatlary guramak bilen baglanyşykly beýan edilen kadalar, bellenen ugurda geçirilýän işleriň ilerlemegine, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň artmagyna giň şertleri döreder.

Jemgyýetde raýat-hukuk gatnaşyklarynyň ösüşe eýe bolmagy, degişli kanunçylygyň hem sazlaşykly ösmegini talap edýär.
Kodeksiň täze beýanynda daşaryşyň şertnamasyny resmileşdirmek üçin ulanylýan haryt-ulag delilhatynyň elektron görnüşinde resmileşdirilip bilinýändiginiň bellenilmegi, häzirki döwürde sanly ulgamyň ähli ugurlara giň gerimde ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň kabul edilmegi, jemgyýetimizde ýüze çykýan raýat-hukuk gatnaşyklarynyň doly kadalaşdyrylmagynda, bu ugurda işleriň kanunalaýyk ýola goýulmagynda we kanunçylygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi ugrunda il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist