23.10.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, adwokatura we adwokatlyk işi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy, hukuk namalary, notariat we notarial işi, şeýle hem aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy bilen baglanyşykly häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Çagalar gaznasynyň durmuş ulgamy boýunça maslahatçysy bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda bu ugurdaky kanunçylygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem Milletler Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň guramagynda geçirilen duşuşyga gatnaşyldy.
Mejlisiň wekilleri sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin parlamentara dialoga, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň Polşa Respublikasynyň paýtagty Warşawa şäherinde geçirilen her ýylky maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldular.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilata edilýän döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň täze edara binasyny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ibermek hem-de gaz akdyryş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olara halkara tejribäni ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ibermek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy hem-de gaz akdyryş ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär.
Şeýle hem wise-premýer oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergini, halkara ylmy maslahaty, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň V mejlisini, şeýle hem “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek işlerini dowam etmegiň, bugdaý ekişini guramaçylykly alyp barmagyň, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň möhümdigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we dolandyrylmagyny kämilleşdirmek, düýpli maýa goýumlaryň netijeliligini gazanmak, gurluşyk pudagynda kabul edilen maksatnamalary bellenen möhletlerde netijeli durmuşa geçirmek, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegini yzygiderli amala aşyrmak, paýly gurluşygyň meselelerini has-da düzgünleşdirmek hem-de gurulýan desgalaryň we binalaryň öz wagtynda, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurluşyk babatynda hereket edýän degişli kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde köpugurly sergilere möhüm orun degişlidir. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň gatnaşmagynda eksport mümkinçiliklerine ýöriteleşdirilen sergini geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, Eýran Yslam Respublikasynyň hem ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem-de Hasyl toýy mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, sergileriň we baýramçylyk konsertiniň, şeýle hem täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, noýabr aýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenýän baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna” laýyklykda, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen maksatnamalarda we konsepsiýalarda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara bilim olimpiadalary we bäsleşikleri, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sanly ulgam arkaly hem-de utgaşykly görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary bilen birlikde dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hususan-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni” atly halkara internet olimpiadasyny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de maliýe dersi boýunça II açyk halkara olimpiadany, Türkmen döwlet maliýe institutynda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça II açyk halkara olimpiadany, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça V açyk halkara internet olimpiadasyny, Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Ýaşyl Zemin — abadan durmuş” atly ýaş fotožurnalistleriň halkara döredijilik bäsleşigini, Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigini, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda Italiýa Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialog giň ugurlary öz içine alýar. Şu günki güne çenli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň hukuk binýady resminamalaryň 39-sy bilen berkidildi.
Netijeli syýasy gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylyň noýabr aýynda, 2015-nji ýylyň maý aýynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi we iş saparlary hem-de Italiýanyň Premýer-ministriniň 2014-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyza amala aşyran iş sapary möhüm wakalar bolup durýar. Şeýle hem 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna sapary amala aşyryldy. Ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler şu ýylyň maý aýynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitiniň çäklerinde hem dowam etdi.
Iki ýurduň arasynda parlamentleriň, hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça-da netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Italiýa Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň ählisini goldady hem-de olaryň 10-syna döredijileriň biri bolup çykyş etdi. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Italiýanyň başyny başlan durnukly ösüş babatda halkara taslamalaryny we meýilnamalaryny goldaýar.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk energetika, ulag, hususy telekeçilik ulgamlarynda we beýleki ugurlarda okgunly ösdürilýär. Ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir, iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň baý taryhy-medeni mirasa eýedigi bellenildi. Italiýaly arheologlar 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen kärdeşleri bilen ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinde bilelikde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-italýan iş topary hereket edýär. Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli aralykda Rim şäherinde Türkmenistanyň arheologiýa sergisini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Bilim ugry boýunça hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Türkmen ýaşlarynyň wekilleri Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-sinde we orta mekdepleriniň 6-synda italýan dili öwredilýär. 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary okuw mekdepleri Ýewropa Bileleşiginiň TEMPUS (ERASMUS) maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan diline terjime edilip, çapdan çykarylandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Häzirki wagtda bu sapara taýýarlyk görmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapara gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew deňiz-derýa ulaglary pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek we bu ugurda deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz söwda flotunyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl bolýandygyny, ýurdumyzyň hem şu ýyl hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçýändigini aýtdy we bu wakalaryň örän uly syýasy ähmiýetini belledi.
Munuň özi berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň halkara at-abraýyny has belent derejä göterýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we pursatdan peýdalanyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.