31.10.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — оktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 17-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Mundan başga-da, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.
Mejlisde daşary döwletleriň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi, dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyklaryň 55-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 97-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 34-si guraldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly” atly utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy guramaçylykly geçirildi.
Hökümet mejlisinde Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky milli parlamentiň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň netijeleri barada-da maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň Başlyklary bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda Mejlisiň alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra wise-premýer şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on aýynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 100 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasynyň 96,3 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,7 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen aýrylmaz baglydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygyna ünsi çekdi. Geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy we degişli hata gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 107,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim boldy. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 101,8 göterim amal edildi. Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagyň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini artdyrmak bilen bagly işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 106,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 101,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 128,2 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 131,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 104 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 254,9 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden belläp geçmek boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagyna uly ornuň degişlidigini, şoňa görä, pudagy toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagy, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagy dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,1 göterim berjaý edildi. Degişli meýilnama Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 113,8 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 106,2 göterim, Energetika ministrligi boýunça 109,7 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 100,1 göterime ýetdi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,4 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça edilen işleriň möçberi 109 million manada deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, elektrik energiýasyny öndürmekde zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmek barada tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň geçen on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli medeni çäreler guraldy. Hasabat döwründe Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Genje şäherlerinde, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent hem-de Hywa şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi.
Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik serginiň açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyş dabarasynyň hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyna gabat gelmegi hem-de bu möhüm çärä döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy türkmen-italýan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini we taryhyň gadymy döwürlerinden gözbaş alýan dostlugyň barha berkäp, täzeden galkynýandygyny aýdyň görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigini aýtdy we medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Medeniýet günlerini, festiwallary geçirmäge-de aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesilleri terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy innowasion usullary giňden ornaşdyryldy, okuw kitaplary neşir edildi. Şeýle hem halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlaryň, halkara olimpiadalaryň, ders bäsleşikleriniň ençemesi geçirildi. Mekdep okuwçylary, talyplar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 815 medala mynasyp boldular.
Hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Oktýabr aýynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat ýokary derejede geçirildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýi, Mary welaýatynda 300 orunlyk inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbi tutuldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler hem dowam etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi, şeýle-de küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 818 medala mynasyp boldular.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, bilim işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirip durmagy, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bitarap Watanymyzyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli çäreler görüldi. Nygtalyşy ýaly, ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Täjigistan Respublikasyna, Italiýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Owganystana saparlary boldy.
Şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana saparlary amala aşyrdylar. 22-nji awgustda ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Türkmenistanda saparda boldular.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň işine gatnaşmak üçin şu ýylyň sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary, Eswatininiň Patyşasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe birnäçe ýurtlaryň Hökümet ýolbaşçylarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň Türkmenistana saparlary boldy.
Sebitara we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretarlary we beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistana sapar bilen geldiler.
Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 492-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň 2 müň 356-sy guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 179 sany resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar guraldy.
Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Bu ugurda yzygiderli işler amala aşyryldy. Ýylyň başyndan bäri birnäçe ýurtlaryň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Nepaldaky, Kipr Respublikasyndaky, Mongoliýadaky, Bahreýn Patyşalygyndaky, Monako Knýazlygyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky, Täze Zelandiýadaky, Irlandiýa Respublikasyndaky, Efiopiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Türkiýe Respublikasyndaky konsullary resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy esasynda döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek we «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşmak maksady bilen Waşington şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi. “Waşingtonda geçiriljek sammit bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 100,6 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 105 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 106 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 113,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 110,3 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 108,6 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 120 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň hem-de ony giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçy gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini belledi. “Biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, şeýle hem medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Daşary syýasatymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Şeýle hem häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.