04.08.2021
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, bu düzümleriň öňünde durýan wajyp wezipelere garaldy. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, onuň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri, şeýle hem beýleki wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýşy üçin degişli şertleri döretmäge gönükdirilen harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Goranmak ministriniň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde täze gelip gowşan harby-söweşjeň uçary synagdan geçiren pursadynda geýen uçarman lybasynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze guruljak binasynyň muzeýinde goýulmagynyň ýaşlaryň watansöýüjilik duýgusyny pugtalandyrmakda, olary beýik maksatlara ruhlandyrmakda ähmiýetli bolar.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli düzümleriň häzirki zaman harby tehnikalar bilen üpjün edilmeginiň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň baş şerti bolup durýandygyny belläp, bu meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň harby gullukçylary şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirmelidirler, olaryň watansöýüjilik ruhunyň belende galmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly sene mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaş esgerlerde mähriban Watanymyza bolan çuňňur söýgini pugtalandyrmak wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda polkownik S.Ýalkabowy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä 2-nji derejeli kapitan M.Bäşimowy bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.
Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow 2021-nji ýylyň geçen ýedi aýynda IIM-niň düzümlerinde alnyp barlan işleriň jemleri, jemgyýetçilik tertibini saklamak, düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçysy ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan wezipeleri netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, onuň işine häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagyň we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, awtoulaglaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek bu gullugyň işiniň esasy ugurlarydyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu babatda ministre anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda polisiýanyň podpolkownigi M.Babagulyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine we polisiýanyň maýory B.Ataşowy Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Baş prokuror B.Atdaýew garalýan döwürde ýurdumyzda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, degişli düzümiň işine öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özygtyýarly döwletimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmegiň, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň prokuratura edaralarynyň möhüm borjy bolup durýandygyny belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Baş prokuror mejlisiň dowamynda Goranmak ministrliginiň düzümlerinde alnyp barylýan işlere geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri hem-de onuň barşynda ýüze çykarylan kemçilikler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz goranmak ministri B.Gündogdyýewe ýüzlenip, bu düzümiň ýolbaşçysy hökmünde alyp barýan guramaçylyk işleriniň derejesine nägilelik bildirdi we ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi ondan talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzüme gözegçiligi gowşadandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň serkerdesi Ş.Babanazarowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň ýedi aýynda milli kazyýet ulgamynyň işini özgertmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren görkezmeleriniň berjaý edilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärlerine ägirt uly jogapkärçiligiň degişlidigini belledi. Milli Liderimiz kazyýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmegiň, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda howpsuzlygy, jemgyýetimizde abadançylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak üçin oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy döretmegiň Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipelerdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzüme degişli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň onuň işgärleriniň hünär taýdan taýýarlyk derejesine baglydygyny belledi we bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, serhet galalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny wajyp wezipeler hökmünde kesgitledi we olarda Watan goragçylarynyň netijeli gullugy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz serhediň ähli goňşy ýurtlar we hoşniýetli goňşuçylygyň, hyzmatdaşlygyň köpasyrlyk gatnaşyklary arkaly baglaşýan halklar bilen dostluk serhedine öwrülmelidigini belläp, bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Adalat ministri B.Muhamedow 2021-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna yzygiderli seljerme geçirmegiň, olary kämilleşdirmegiň, häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk gelýän degişli kanunlary işläp taýýarlamagyň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara hukuk kadalaryny yzygiderli öwrenmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda ministre anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň bu ulgamyň edaralaryna döwletimiziň serhedinden geçýän ýüklere berk gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýän sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde eýeleýän ornunyň yzygiderli ýokarlanýandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, bu gullugyň alyp barýan işleriniň möçberiniň artýandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz munuň işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belledi we ýurdumyza getirilýän önümlere berk gözegçiligi ýola goýmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow şu ýylyň ýedi aýynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde sanly ulgamy peýdalanmagyň beren netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu düzümiň migrasiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmeginiň Türkmenistanyň abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny şertlendirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlarynyň, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajypdygy nygtaldy. Milli Liderimiz oňyn tejribeleriň işjeň öwrenilmegi we ýokary hünärli ýaş işgärleriň taýýarlanylmagy barada tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda maýor H.Muhammedowy Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä maýor M.Rejepowy bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde 2021-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň jemleri, şeýle hem harby gullukçylaryň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň durmuş meselelerini üstünlikli çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin harby we hukuk goraýjy düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň hem-de Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalarynyň wajypdygyny belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna garamagyndaky düzümlerde tabşyryklarynyň öz wagtynda hem-de birkemsiz ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.