Döwlet Baştutanymyz wezipä belledi

04.08.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.A.Ýalkabow hakynda

Polkownik Serdar Aýmuhammedowiç Ýalkabowy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

 

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň 

Belent Serkerdebaşysy

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 3-nji awgusty.

 

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.Ö.Bäşimow hakynda

2-nji derejeli kapitan Meýlis Öwezgylyjowiç Bäşimowy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory wezipesine bellemeli.

 

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň 

Belent Serkerdebaşysy

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 3-nji awgusty.

 

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, maýor Batyr Öwlýagulyýewiç Rejepow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň müdiri wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, maýor Hakmyrat Kakabaýewiç Muhammedow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň maýory Begençmyrat Orazgeldiýewiç Ataşow Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Myrat Babagulyýewiç Babagulyýew Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzüme gözegçiligi gowşadandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň serkerdesi Babanazarow Şirmät Jumanazarowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.