MÖHÜM MESELELERE GARALDY

04.08.2021

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň ähli ýerlerinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bagtyýarlyk eýýamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, halkymyzyň bähbidine gönükdirilip kabul edilýän kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada wagyz-nesihat ýygnaklary ýokary guramaçylyk derejesinde yzygiderli geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen mejlisinde öňde goýan wezipelerini, tabşyryklaryny durmuşa geçirmek hem-de Daşoguz welaýatynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda tertip-düzgüni pugtalandyrmak, olaryň edepli-ekramly bolmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Sagdyn jemgyýet — bagtyýar durmuşyň kepili» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler raýatlaryň arasynda gabat gelýän hukuk bozulmalarynyň, jenaýatçylykly hereketleriň döremeginiň sebäpleri, ol nogsanlyklaryň öňüni almakda geçirilýän çäreler, her bir raýatyň kanun tarapyndan goraglydygy, şonuň ýaly-da, her bir raýatyň kanun öňünde jogapkärdigi, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ählisiniň raýatlarymyzyň bähbitlerini goramaga gönükdirilendigi, kanunlaryň talaplarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmelidigi barada giňişleýin durup geçdiler.

Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olaryň nogsanlyklardan, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmakda ýaşuly nesliň mynasyp göreldesiniň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge, saglyklaryny berkitmek üçin sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleriň döredilendigi, ata Watanymyzy söýmekde, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda, sport bilen meşgullanmakda Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýermelidigi dogrusynda täsirli gürrüňler aýdyldy.

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlar bilen alyp barýan, öz halkyny jandan eziz görýän Gahryman Arkadagymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

Rahman RAHMANBERDIÝEW,

Daşoguz welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň  korrupsiýa garşy göreşmek bölümçesiniň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.