06.12.2025
Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, Watana we halka wepaly adamlar edip ýetişdirmek boýunça işler barha rowaçlanýar. Ýaş nesillerde watansöýüjilik, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek, olaryň bilimli, hünärli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatyndaky tagallalar netijeli häsiýete eýe bolýar.
Şonuň bilen baglylykda, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan we görkezmelerinden ugur alyp, Ahal welaýatynyň prokuratura işgärleri welaýatdaky beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda, welaýat çägindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň, ýörite we orta hünärmen mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň hem-de olaryň ata-eneleriniň gatnaşmagynda, etraplaryň oba geňeşliklerinde we ýerli ýaşaýjylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýärler.
Duşuşyklarda döwletimizde alnyp barylýan syýasat, hereket edýän kanunlara girizilen halk bähbitli, döwlet ähmiýetli goşmaçalar we üýtgetmeler giňişleýin düşündirilýär. Şeýle-de geçirilen çärelerde ýaşlara pederlerimiziň paýhasly pähim-nesihatlaryna eýerip, ýaramaz endiklerden daşda durmagyň zerurdygy ündelýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alyp, sport we beden terbiýe bilen meşgullanmagyň saglyga ýetirýän peýdasy barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Ýaşlaryň boş wagtlaryny sport bilen peýdaly geçirmekleriniň, olaryň adam saglygyna ýaramaz täsir ýetirýän zyýanly endiklerden daşda durmagyna ýardam berýändigi aýratyn bellenilýär.
Ýurdumyzyň ösüşlerini belent sepgitlere ýetiren, ýaş nesliň il-halas, nusgalyk adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli belent tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Şirin Hodjyýewa,
Ahal welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi