14.12.2025
Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatyna ägirt uly goşant goşan beýik şahsyýetleriň hatarynda müdimilik orun alandyr. Ýurdumyzda hem-de Ýer ýüzünde akyldar şahyrymyza goýulýan hormatsarpanyň bimöçberdigine biz ähli ýyllarda-da göz ýetirip ýörüs. Ýöne «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda bu hakykatyň has-da belentde dabaralanandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabada tarap ýola düşeniňde, Magtymguly Pyragynyň başy bulutlara diräp duran belent heýkeli uzaklardan seleňläp görünýär. Akyldaryň belent heýkeliniň dikeldilmeginiň we dana şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň özem beýik söz ussadyna söýgi-buýsanjyň, hormat-sarpanyň örän ýokarydygynyň güwäsidir. Bu medeni-seýilgäh toplumy häzirki wagtda bagtyýar raýatlarymyzyň erkana dynç alýan, gezelenç edýän, şeýle-de dürli medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ol ýerden eşidilýän şatlykly sesler we aýdym-sazyň belent owazy bolsa nusgawy şahyrymyzyň şygyrlarynda öz halkyna eden arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň at-abraýyny has-da beýgeltmekde, dürdäne şygyrlaryny dünýäde wagyz etmekde, şeýle-de akyldaryň goşgularyndan nusga alnyp durmuşa geçirilen işleri näçe magtasaňam azdyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar» diýen sözlerindenem görnüşi ýaly, beýik şahyryň öňe süren taglymaty ajaýyp zamanamyzda barha rowaçlyklara beslenýär.
Sähragül Aşyrowa, welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi