17.12.2025
Bu günki gün halkara jemgyýetçiliginde eziz Türkmenistanymyz parahatçylygyň Watany diýlip tanalýar. Biziň ýurdumyz dünýä halklarynyň ynanyşyp ýaşamaklaryna, özara bähbitli hyzmatdaşlyklary giňeltmeklerine goldaw berýär.
Geçirilen Halk Maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkymyz üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmek bilen bagly teklipler öňe sürüldi we olaryň kada-kanun esasynda seredilmegi üçin Türkmenistanyň Mejlisine hödürlenilmegi barada netijä gelindi. Bu bolsa her bir döwletli işde halk bilen maslahatlaşylyp, olaryň pikiriniň diňlenilýändiginiň subutnamasy boldy.
Umumymilli forumda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekilmegi bolsa türkmen Bitaraplygynyň hukuk binýadynyň döwrebap derejede berkidilýändigini alamatlandyrdy.
Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy goşa ganat edinýän Türkmenistanyň halkara abraýy has-da artdy. Goşa ganat Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gitjek nurly geljeginiň, dünýä içre barha belentde galjak abraý-mertebesiniň ruhy joşgunyna öwrüldi.
Goý, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uzak-uzak asyrlar halkymyzyň kalbynyň aýnasy bolan medeniýetimizi dünýä ýaýyp, ähli halklar bilen ynanyşyp, parahatçylykda ýaşamak, döwletimizi has-da belentliklere çykarmak nesip etsin!
Özbaşdak döwletimiziň halkara jemgyýetçiligindäki abraý-mertebesini arşa ýetiren, milletini eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri has-da rowaçlyklara beslensin!
Daňatar ABDYLLAÝEW
Akdepe etrabynyň prokurory,
1-nji derejeli ýurist