Ählumumy ösüşiň, howpsuzlygyň hatyrasyna

21.12.2025

Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň röwşen ýolunda bedew badynda öňe barýan ata Watanymyzda Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýady öňküden-de berkeýär, ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipelere berk eýermek bilen, dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde aýratyn işjeňlik görkezýär, daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär. Bitarap döwletimiz bu günki gün dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukuk kadalarynda bellenilen adamyň we raýatyň esasy demokratik hukuklaryny hem-de azatlyklaryny ykrar edýär we hormat goýýar.

Olaryň netijeli amala aşyrylmagynyň syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki kepilliklerini üpjün edýär. Ata Watanymyzyň oňyn başlangyçlarynyň dünýä döwletleriniň ykdysady ösüşini üpjün etmekdäki tagallalary birleşdirmäge ýardam edýändigi bolsa aýratyn guwandyryjydyr.

Ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek halkara giňişlikde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmek üçin esas bolup durýar. Şu ýörelgeleriň hemişelik Bitaraplygymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek ýakymlydyr.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu ajaýyp hakykat has-da aýdyň dabaralanýar.

Begenç Çaryýew
Balkanabat şäher prokuraturasynyň sülçüsi
3-nji derejeli ýurist