25.12.2025
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan uly üstünlikler her bir raýatyň, şol sanda bagtyýar ýaşlarymyzyň kalplaryny buýsanja besläp, başyny göge ýetirýär. Sebäbi ajaýyp zamanamyzda ýaş nesiller döwletimiz tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalyp alnandyr.
Türkmen ýaşlarynyň ata-baba gelýän milli ruhda terbiýelenilmegi, olaryň watançylyk duýgusynyň hasam beýgelmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şan-şöhratly ata-babalarymyzyň bolandygyna göz ýetirmek hem-de beýik milletiň dowamydygyňy duýmak, elbetde, kalbyňda uly ynam hem buýsanç duýgusyny döredýär.
Şol belent duýgular bilen ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny bellemek gerek. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky aladasy, taýsyz tagallalary ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň ykbalyna nur, durmuşyna bagt eçilýär.
Eziz Diýarymyzda gurlup ulanmaga berilýän bilim-terbiýe ojaklary, sport desgalary, kitaphanalar, zawod-fabrikler ýaş nesliň döredijiligini kämilleşdirmäge, aň we ruhy düşünjesini baýlaşdyrmaga, beden we ruhy sagdynlygyny gazanmaga niýetlenendir. Olar mukaddes Garaşsyzlygyň we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň miweleridir.
Baýatgül Potyýewa
welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça
uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji,
1-nji derejeli ýurist