IL-ÝURT BÄHBIDINE

04.08.2021

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýurdumyzyň çäginde takyk we birmeňzeş berjaý edilmegine gözegçilik işini amala aşyrmagy prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan esasy wezipe hökmünde kesgitleýär.

Kanunlaryň takyk we birmeňzeş berjaý edilmegi, diňe bir olaryň bozulan halatynda günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek bilen çäklenilmeýär. Kanunlaryň bozulmagynyň öňüni almak arkaly, olaryň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegi hem wajyp işleriň biridir, çünki adamlary hukuga ters gelýän hereketleri etmekden saplasak, hukuga ters gelýän hereketleriň netijesine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we ilkibaşdaky ýagdaýyna getirmek zerurlygy aradan aýrylýar. Şunda kä halatlarda kanun bozulmalaryň netijesinde öwezini dolup bolmajak ýitgileriň hem amala aşyrylýandygyny nazara alsak, öňüni alyş işleriniň ähmiýeti has hem artýar. Öňüni almak düzetmekden aňsat, howpsuz we netijeli bolýar. Şol sebäpli kanun bozulmalara ýol berilmeginiň öňüni almak, olary duýdurmak üçin kanunçylygy wagyz etmek we halkymyzyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak has wajyp ähmiýetli wezipeleriň biridir.

Şeýle wezipe borçlarymyzy ýerine ýetirmek maksady bilen, kanun bozulmalary duýdurmak, kanunçylygy wagyz etmek işleriniň çäklerinde halkymyzyň häsiýetli aýratynlyklarynyň, milliligimiziň kanunçylygyň ýagdaýyna we jemgyýetçilik gatnaşyklaryna ýetirýän uly täsirini göz öňünde tutup, ahlak kadalary barada wagyz-nesihat işleri hem geçirilýär.

Ahlak kadalary — ahlakdan, edep-terbiýeden ýüze çykýan, adamyň özüni alyp baryş kadalary. Bu kadalaryň ýerine ýetirilmegi kanuny borç däl-de, ahlak borjy bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar» diýlip berkidilendir. Şunda ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgeleri — ula hormat goýmak, kiçini söýmek ýaly ahlak kadalarynyň Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapandygyny görýäris.

Hormatly Prezidentimiz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelgä öwürdi. Bu ýagdaý Konstitusiýamyzyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýen kadalar bilen hem kepillendirilendir.

Ahlak kadalary hem edil hukuk kadalary ýaly, diňe halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurdumyzyň rowaçlygyna gönükdirilendir, ol halk tarapyndan tejribäniň üsti bilen özi üçin iň gowy şertleriň kada geçirilmegini göz öňünde tutýandyr. Ahlak we hukuk kadalaryny gowy bilýän adam özüne garşy ahlaksyz hereketler edilende, şol hereketleri edýän adama hukuk jogapkärçiliginiň düşmeýändigini bilip, onuň bilen gatnaşyklara girmän, ahlaksyz hereketleriň pidasy bolmakdan goragly bolýar.

Halkymyzyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Hangeldi MÄMIÝEW,

Daşoguz welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň oba hojalygynda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölümçesiniň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.