DE­MOK­RA­TI­ÝA­NYŇ ­RO­WAÇ ­ÝO­LY

29.12.2025

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.

Mejlisde şu ýylyň sentýabrynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini çagyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de degişli resmi namalar kabul edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy bolar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň her bir güni uly zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýokary derejede geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadançylyk we bagtyýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmak boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlener.

Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli şeýle wajyp wezipeleriň oňyn çözgütleri dürli jemgyýetçilik toparlary bilen giň wekilçilikli ara alnyp maslahatlaşylar. Munuň özi gadymy halkymyzyň milli demokratik ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny äşgär eder.

Muhammet Hudayberdiýew
Mary şäher prokuraturasynyň
tälimalyjy sülçüsi