03.08.2021
Şu gün agşam Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.
Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Täjigistanyň döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi wekilleri garşyladylar. Uçaryň ýanynda düşelen haly ýodasynyň bir tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Asylly däbe görä, täjik Liderine duz-çörek hödür edildi we gül çemeni gowşuryldy.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.
Şu gün — 4-nji awgustda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-täjik duşuşygy köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze wajyp tapgyry açar.
Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary taraplaryň netijeli syýasy gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmegine taýýardyklaryny tassyklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli esasda möhüm ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça zerur tagallalar edilýär.
Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolýar. Döwlet, hökümetara we pudagara derejelerinde gol çekilen köp sanly resminamalary özünde jemleýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şeýle hem hökümet we pudak derejelerinde yzygiderli esasda geçirilýän syýasy geňeşmeler hem-de gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.
2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-täjik toparynyň işine möhüm ähmiýet berilýär. Geçen hepdede — täjik Lideriniň Türkmenistana saparynyň öňüsyrasynda Duşenbe şäherinde bu Hökümetara toparynyň nobatdaky, onunjy mejlisi geçirildi. Onda taraplar ynanyşmak esasynda ýokary derejede ýola goýulýan syýasy gatnaşyklaryň netijesinde ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Iki ýurduň Liderleriniň — Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň yzygiderli duşuşyklary, özara mähirli hem-de ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we köptaraplaýyn esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryň aýdyň beýanydyr.
Iki ýurdy diňe bir häzirki döwürde birnäçe ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän ykdysady gatnaşyklar däl, eýsem, türkmen we täjik halklarynyň köpasyrlyk taryhy kökleri, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Şu nukdaýnazardan döwletara hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.
Garaşylyşy ýaly, Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar hem-de köpugurly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegine, iki dostlukly halkyň we döwletiň arasynda özara ynanyşmak hem-de düşünişmek esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe wajyp, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.