02.02.2026
Her bir halkyň mukaddeslik hasaplap, ezizleýän zatlary bolýar. Biziň köküni gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan halkymyz ylahy gözelliklere sarpa goýup, şol mukaddeslikleriň ýitip, ýok bolup gitmezliginiň aladasyny eden halk.
Belki-de, halk arasynda «Ýagşyny görmek hem jennet» diýen pähim şol ezizlenen ylahy kämilliklere bagyşlanandyr. Gadymy hem müdimi türkmen halkymyzda şol ýagşy zatlaryň biri biziň gamyşgulak, ýelden ýyndam, ynsan gylykly ahalteke bedewlerimiz hasaplanylýar.
Bedew müňýyllyklaryň dowamynda türkmeniň dosty, syrdaşy, batyrlygynyň we asylzadalygynyň nyşany bolup gelipdir. Onuň çydamlylygy, gözelligi we ynsan bilen sazlaşykly gatnaşygy asyrlarboýy dünýä halklaryny haýran galdyrýar.
Şonuň üçin hem 2026-njy ýylyň adynyň bedew bilen baglanyşdyrylmagy halkymyzyň taryhy hakydasyna, milli-medeni dowamlylygyna bolan hormatyň döwlet derejesindäki beýanydyr.
Ýene-de bir buýsanç bilen bellenilmeli zat, ol hem «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigidir.
Gojaman taryha ser salanymyzda, türkmen halky öz ezizlän, kalbynyň çuňunda söýgülän zatlaryndan öz hany-manyny gysganmandyr. Nesil daragtynyň pür-pudagy hasaplanylýan çagalaryny, ogul bolsun, gyz bolsun, kümüş şaý-sepleri eşiklerine dakyp bezemegi, olary şol şaý-sepler görner-görünmez belalardan goraýar diýen ynamy urp-adatlaryna siňdiripdirler.
Halkymyzyň milli medeni mirasynyň goralmagy babatda döwrebap işleriň sakasynda duran Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!