07.08.2021
6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Ol köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sebit boýunça goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da köpugurly görnüşde deňhukukly we ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Çäräniň öň ýanynda belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna geldiler. Täjik Lideriniň bu gezekki konsultatiw duşuşyga gatnaşmagy onuň Türkmenistana döwlet sapary bilen gabat geldi.
Türkmenbaşy şäheriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanlary, asylly däbe görä, duz-çörek bilen garşyladylar.
Türkmenistanyň forumy guramaga uly jogapkärçilik bilen çemeleşendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu halkara çärä taýýarlyk görmek işleriniň ähli tapgyrlaryny hemişe üns merkezinde saklady. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, degişli Guramaçylyk topary döredilip, onuň öňünde döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly halkara ähmiýetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek wezipesi goýuldy.
Şu gezekki forumyň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şonuň ýaly-da möhüm sebit we halkara ugurlara degişli meseleleriň giň topary girizildi. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda, özara gatnaşyklaryň netijeli, uzak möhletleýin gurallaryny döretmekde, sebitiň durnukly ösüşi, onuň dünýä gatnaşyklaryna çalt depginlerde goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak bilen, sebitde köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam edýän anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Daşkentde geçirilen ikinji konsultatiw duşuşygynda çykyş edip, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, maýa goýum hem-de innowasiýa ulgamlarynda sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli dowam etmek bilen baglylykda, bäştaraplaýyn Işewürler geňeşini döretmek boýunça başlangyjy öňe sürdi. Şonda döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň medeni gatnaşyklarynyň forumyny yzygiderli esasda ýola goýmak üçin mümkinçiliklere garamagy teklip etdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyz sebiti gülläp ösýän künjege öwürmek, netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýady döretmek boýunça umumy maksatlara ýetmekde ägirt uly ykdysady, serişde, adam hem-de ynsanperwer mümkinçiliklerine eýedir.
Şeýlelikde, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän konsultatiw duşuşygy doly möçberli sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, oňa çalt depginlerde ösýän, strategik kuwwaty bermek üçin uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we doganlyk ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär.
* * *
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Hazar deňzi boýunça gämide bilelikde gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda sebitiň ýurtlarynyň Liderleri ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.
Belent mertebeli myhmanlar türkmen Lideriniň başlangyjy bilen, Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara çäreleriň sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde ähmiýetini nygtadylar.
Dostlukly döwletleriň Baştutanlary Awazanyň gözelliklerini synlap, ekologiýa ugrunyň Türkmenistanda, şol sanda ýurduň bu ajaýyp künjeginde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düzümleýin taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üýtgewsiz talaby bolup çykyş edýär. Hazaryň kenarynda gurluşyk işleri geçirilende, tebigaty, ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsini, şeýle hem deňziň köpdürlüligini gorap saklamaga aýratyn üns berilýär.
Belent mertebeli myhmanlar bu künjekde amatly howa şertlerini üpjün etmek üçin tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegini hem öz içine alýan işleriň ähmiýetini-de bellediler, munuň özi halkara ölçeglere laýyk gelýän şypahana-dynç alyş zolagy hökmünde Awazanyň derejesini beýgeldýär.
Goňşy ýurtlaryň Liderleri türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyklaryny beýan edip, bu ýerde geçirilýän halkara çäreleriň sebitde doly derejeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de anyk netijelere ýetilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhmanlar bilelikde awtobusda köpugurly “Awaza” sport toplumyna tarap ugradylar, ýüzugra milli syýahatçylyk zolagynyň tebigy aýratynlyklaryny hem-de kaşaň desgalaryny synladylar.
Soňky ýyllarda bu künjekde amatly dynç almak we saglygy berkitmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirki zaman şypahana-dynç alyş düzümi emele geldi.
Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar köpugurly “Awaza” sport toplumynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary türkmen Lideri tarapyndan amala aşyrylýan, halkyň saglygyny goramaga, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine, ýurtda bedenterbiýe we sport hereketiniň ösdürilmegine häzirki zaman ugurdaş düzümleriň döredilmegine gönükdirilen strategiýanyň ähmiýetini bellediler.