Ýeňişlere badalga

05.02.2026

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy beýik maksatlarymyza badalga bermek bilen milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan, halkymyzyň taryhynda, şu gününde, däp-dessurlarynda möhüm orun eýeleýän bedewlerimiz bilen baglanyşykly bolmagy buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» hem-de «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly gymmatly eserleri halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlykdyr.

Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan bu ajaýyp kitaplar dünýä dolan mirasymyzy geljek nesillere ýetirmekde ylmy we ruhy gollanma bolup hyzmat edýär.

Nesip bolsa, şanly ýylymyz milli gymmatlyklarymyzy, ruhy ýörelgelerimizi, buýsançly ösüşlerimizi dabaralandyrmakda täze mümkinçilikleri döreder.