ÖMRÜMIŇ MANYSY

12.02.2026

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy pursatlara, şatlykly wakalara beslenip, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysy» atly kitaby ähli halkymyz bilen birlikde, Watan goragçylary üçin hem uly gollanma bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamatly bolýandygynyň subutnamasydyr.

Kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerden ybarat bolup, halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy onuň gymmatyny we ähmiýetini has-da artdyrýar.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, tutuş dünýäniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigidir. Bu ajaýyp kitaby okan her bir okyjy mähriban türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, türkmenlerde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň döreýşi hem-de ýaýraýşy, Oguz han döwründen miras galan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanşyp biler.

Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabyny ýankitabymyza öwürmek bilen, onda giňişleýin beýan edilýän taryhy maglumatlary özümize ýol-ýörelge edinip, ata Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk etjekdigimize ynandyrýarys.

Şeýle ajaýyp eserleri bize peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç, galamlary ýiti bolsun!

 

Yslam Döwlet­sähedow, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.