BELENT SEPGITLERE NAZARLAP

13.02.2026

Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda her ýylda Täze ýyl baýramçylygyny joşgunly dabaralar bilen bellemek asylly däbe öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasaty netijesinde şanly senelerimizi bütin halkymyz bolup jebislikde baýram etmäge uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýene bir taryhy ýyly täze arzuwlar bilen garşy aldyk. Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýyly bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atlaryň mekany» ýyly bosagadan ätledi.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza iberen Täze ýyl Gutlagynda ýurdumyzda bu ýylda hem agzybirlikde beýik üstünliklere ýetjekdigimizi buýsanç bilen belleýär. Täze ýyl baýramy bilen iň oňat arzuw-umytlarymyzy baglanyşdyryp, ertirki güne ynamly garaýarys.

Täze 2026-njy ýylda bize köp işler garaşýar. Öňde has giň gerimli wezipeler bar. Çünki gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, her bir üstünligi has uly işler hem-de ýeňişler bilen berkitmek döwrüň möhüm talabydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda agzybir we jebis halkymyz döredijilik hem-de ösüş ýoly bilen täze belent sepgitlere tarap okgunly gadam urýar. Bu ýylda ýurdumyzyň ösüşleriniň aýdyň ýoly üstünlikli dowam etdiriler.

Halkymyz üçin örän möhüm bolan bu şanly ýyl hem edil geçen ýyllar ýaly zähmet ýeňişleriniň, beýik işleriň we täze taslamalary amala aşyrmagyň döwri bolar diýip buýsanç bilen bellemek bolar.

Ogulnur Atayeva, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň statistika bölüminiň müdiriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.