23.02.2026
Maşgalany goldamak we goramak babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk esaslary maşgalanyň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy nika baglaşylmagynyň şertlerini we tertibini belleýär. Şeýle-de är-aýalyň, ata-eneleriň we çagalaryň, perzentlige alanlaryň we perzentlige alnanlaryň, maşgalanyň beýleki agzalarynyň arasyndaky şahsy emläk däl we emläk gatnaşyklaryny, perzentlige almak, hossarlyk (howandarlyk) bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary, Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we çäklerde beýleki garyndaşlaryň hem-de başga adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Maşgala agzalarynyň arasyndaky Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynda düzgünleşdirilmedik şahsy emläk däl we emläk gatnaşyklarynda, eger ol maşgala gatnaşyklarynyň düýp manysyna garşy gelmeýän bolsa, Türkmenistanyň raýat kanunçylygy ulanylýar.
Türkmenistanda diňe RÝNÝ edaralary tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär. Dini däp-dessur boýunça nikalaşmagyň hukuk taýdan ähmiýeti ýokdur. Bu kada nikanyň Türkmenistanda RÝNÝ edaralary döredilmezinden öň dini däp-dessurlar boýunça baglaşylan nikalara, şeýle hem şol döwürde alnan dogluş, nikanyň baglaşylandygy, bozulandygy we ölüm baradaky resminamalara degişli däldir.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde başgaça bellenilmedik bolsa, raýatlar maşgala gatnaşyklaryndan (maşgala hukuklaryndan), şol sanda bu hukuklaryň goralmagyndan gelip çykýan özlerine degişli hukuklara öz garamagyna görä ygtyýarlyk edýärler.
Maşgala hukuklarynyň goralmagy Türkmenistanyň raýat kazyýet önümçiligine laýyklykda kazyýet tarapyndan, Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şol sanda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
Halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Baýtagül Potiýewa,
Balkan welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.