DIÝARYMYZYŇ DAÝANÇLARY

26.02.2026

    Umumymilli hem-de halkara derejeli döredijilik bäsleşikleriniň guralmagy, ýurdumyzyň çagalar-ýetginjekler toparlarynyň halkara bäsleşiklere we festiwallara yzygiderli gatnaşmagy olaryň ylymly-bilimli bolmaklaryna ýardam berýär.

6-njy ýanwardaky ders olimpiadalarynyň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijilerine Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylmagy hem şeýle netijeleri berýär. Bu bäsleşige her ýyl Watanymyzyň ähli künjeginden 18 ýaşa ýetmedik zehinli çagalaryň ençemesi gatnaşýar.

Şu ýyl hormatly diplomlara we ýadygärlik sowgatlara 99 sany bäsleşige gatnaşyjy hem-de 4 sany döredijilik topary — «Joşgun» tans topary, «Galkynyş» çeper okaýyş topary, «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar hory, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler mynasyp boldy.

Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän täze — 2026-njy ýylyň çäreleri bilen utgaşyp, çagalara şatlyk hem-de beýik maksatlary bagyşlady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir» diýip, ýaş nesiller baradaky aladanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm strategik maksatlarynyň biridigini nygtaýar.

Türkmen halky öz durmuşynyň bezegi, ertirki bagtyýar geljeginiň kepili hasaplaýan çagalaryna, olaryň bilim-terbiýesine, beden saglygyna aýratyn üns berýän halklaryň biridir. Munuň şeýledigini «Çaga — durmuşyň güli», «Çagaly öý — bazar», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly onlarça nakyllar we atalar sözleri hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, çaga türkmen halkynyň beýik başynyň täjidir.

Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen çagalaryň abadançylygyny hem-de bagtyýarlygyny üpjün etmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmek üçin ähli şertleri döretmäge, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň geljegine ýokary jogapkärçilikli garaýan, onuň ösüşine goşant goşýan ogul-gyzlary terbiýelemäge gönükdirilendir.

Bu ajaýyp işlerde adam hukuklary boýunça halkara konwensiýalarynyň we jarnamalarynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmuny siňen «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirilmegi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Beden terbiýe we sport hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar çagalaryň sagdyn we erkin durmuşda bagtyýar ulalmaklary üçin hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Biziň jemgyýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ak ýürekli, Watanymyzyň ykdysady we ruhy taýdan galkynmagynyň beýik maksatlaryna wepaly ýaş nesil barada döwlet tarapyndan edilýän aladalar biziň hemmämizi guwandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülleýän we barha kuwwatlanýan eziz Diýarymyzyň buýsançly hem-de guwandyryjy ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan wezipeleriniň biridir.

Ýurdumyzyň ýaş nesli barada beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Maýsa Kurbanowa, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji,
1-nji derejeli ýurist.