ARKADAGYŇ ESERLERINDE WATAN SÖÝÜJILIK

01.03.2026

    Mugallym-esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet aganyň göreldesi, iň soňky deminde-de halkyň arasynda bolmagy, Anna aga hem-de Berdimuhamet mugallymyň, Mälikguly Berdimuhamedowyň keşplerinde «Watan» diýen düşünje örän beýikde goýulýar.

Muňa «Döwlet guşy» romanynda Mälikguly aganyň Watana bolan söýgüsiniň, synmaz yhlasynyň çeper beýan edilişinden hem görmek bolýar. Ynha, «Döwlet guşy» romanynda Mälikguly aganyň Watana bolan synmaz yhlasy çeper derejede açylýar. Romanda Mälikgulynyň çaga ýüreginiň «Watan» diýip urýandygy onuň wakalara bolan gatnaşygyna aýdyň ýüze çykýar.

Onuň watançylyk terbiýesindäki asylly hereketlerine romanyň edebi-çeper söhbetlerinde çaga aňynyň dürli ýagdaýlaryň özboluşlylygynda täsirli açylmagy eseriň gymmatyny artdyrmak bilen, okyjyny özüne çekýär.

Mälikguly Berdimuhamedowyň şol kynçylykly ýyllarda ýazan goşgy setirlerinde Watana bolan çuňňur söýgi aýdyň teswirlenýär. Bu goşgular häzirki zamanmyzda hem ähmiýetliligini saklaýar. Baý many-mazmunly bu goşgular Watan goragyna çagyryşdyr:

Diňe uruş! Uruş girýär düýşüme,
Ör-boýuna galýar Watan goragy.
Är-ýigitleriň güýç goşular güýjüne,
«Watan» diýip urýar esger ýüregi.

Barça ýürek Watan bilen baglydyr,
Är-ýigitler gaýrat üçin dogulýar.
Watan ýarasynda jiger daglydyr,
Är-ýigitler gaýrat üçin dogulýar.

Şeýle-de «Ýürekleriň buýsanjy — Watan» atly goşgy setirlerinde:

Şuny mydam ýatda saklaň, dostlarym,
Ýürekleriň buýsanjy Watandyr, Watan!
Watana sežde etmek hökman, dostlarym,
Pederleriň daýanjy Watandyr, Watan! —

diýen setirlere üns berseň, Watany jany-teni bilen söýýän wepaly ogluň çaga kalbyndan çykýan näzik owazy hemmämize nusgalyk göreldedir. Çaga kalbyndan çykýan çeper setirler hemmeleriň ýüreklerine barýan ýoly tapyp, aňymyzda mäkäm orun alýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly watansöýüjilige ýugrulan eserinde geçmişde pederlerimiziň Watany nähili derejede gorandyklary, olaryň gahrymançylyk ýörelgeleriniň şu günki Watan goragçylary üçin nusgalyk göreldedigi beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Adatça, mertler Watany beýgeldýändir».

Nesil terbiýesinde Watan mukaddesligi, il-ýurt bilen baglanyşykly çuň manyly birnäçe pähimleriň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň hem uly orun tutýandygyny bellemek gerek.

Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri milli edebiýatymyzy baýlaşdyrmak bilen birlikde, Watana bolan söýgini hem çuňlaşdyrýar. Ýaşlary terbiýelemekde, olarda Watany söýmegiň kämil nusgasyny görkezmekde ýol-ýörelgedir.

Jennet Arazowa, Arkadag şäher prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory,
justisiýanyň kiçi geňeşçisi