IL BÄHBIDI ILERI

10.03.2026

    6-njy fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Milli ykdysadyýetimiziň görkezijilerine görä, jemi içerki önümiň 6,3 göterimlik ösüşi ýönekeý bir san däl-de, eýsem, täze taryhy eýýamyň döredijilikli galkynyşydyr. Düýpli maýa goýumlaryň 21,3 göterim derejesinde artmagy bolsa, ýurdumyzyň kuwwatynyň goşa ganaty bolan senagat we gurluşyk pudaklarynyň dünýä derejesinde täze belentliklere çykandygynyň kepilidir.

Esasanam, nebitgaz toplumynda gazanylan belent sepgitler we «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýokary görkezijileri milli baýlygymyzyň halkyň eşretine gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu beýik özgertmeler diňe bir önümçilik bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň ruhy dünýäsine we bagtyýar durmuşyna siňýär.

«Döwlet adam üçindir!» diýen belent ýörelgä esaslanyp gurlan täze desgalar, döwrebaplaşýan obalar we şäherler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluna wepalylygynyň, agzybir halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň miwesidir.

2026-njy ýylyň şanly menzilleri bizi parahatçylygyň, durnuklylygyň we egsilmez rowaçlygyň täze taryhy sepgitlerine alyp barýar.

Ýazly Ýazlyýew, Boldumsaz etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.