21.03.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrülip, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň dabaralanmagy ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ygtyýarlyklary we wezipeleri ýurdumyzyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzyň VI bölümi «Prokuratura» diýlip atlandyrylyp, degişli maddalarda prokuror gözegçiliginiň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenýär. Prokuratura edaralarynyň işiniň guramaçylyk, hukuk esaslaryny kesgitleýän «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasy hukuk namalaryň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda kanunçylygy berkarar etmek ugrunda iş alyp barýan bu edaranyň döwletimizde raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, döwletiň hem jemgyýetiň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerinde aýanlyk ýörelgelerini berjaý etmek maksady bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklanylýar. Raýatlaryň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, olara kanunlary düşündirmek, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmek, mähriban halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belent derejä ýetirmek we parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, kanun bozulmalary we jenaýatlary duýdurmak, olaryň öňüni almak we aradan aýyrmak barada halk köpçüliginiň öňünde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde jemgyýetçilik guramalary, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde prokuratura edaralarynyň işgärleriniň çykyşlary yzygiderli guralýar. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň prokuratura edaralarynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly prokuror gözegçiliginiň ähli ugurlaryna programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär. Elektron resminamalaryň dolanyşygyna geçmek bilen, prokuratura edaralarynyň maglumatlarynyň bitewi gorunyň döredilmegi we onuň kiberhowpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça anyk işler geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 2022-nji ýylyň 5-nji iýulyndaky 163-nji Karary bilen Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Prokuratura işgärleriniň döwrebap hünär taýýarlygyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda täze döwrebap hukuk kitaphanasy döredildi. Bu kitaphanada diňe bir ýurdumyzyň hukuk ulgamyna degişli hukuk edebiýatlary däl, eýsem, döwletimiziň hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt döwletlerinde çap edilen, halkara guramalary tarapyndan taýýarlanan hukuk
edebiýatlary hem bar. Bu edebi ýatlar prokuratura edaralarynyň ulgamynyň, prokuror gözegçiliginiň usullarynyň halkara tejribesine laýyklykda, mundan beýläk hem kämilleşdirilmegine, işgärleriň hünär taýýarlygynyň ýokarlanmagyna möhüm täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda döredilen döwrebap kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserlerine aýratyn orun berilýär. Biz döwrebap kitaphanamyzda bu gymmatly eserleri ürç edip okamak bilen, mukaddes Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk etmek bilen baglanyşykly borçlara ygrarly bolmak, wepalylyk, agzybirlik, belent ynam üçin jogapkärçilik ýaly asylly häsiýetleriň many-mazmunyna anyk göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» ýaly dürdäne eserleri biz — Watan goragçylary üçin terbiýe mekdebi bolup durýar. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň türkmen, rus we iňlis dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän resmi web-saýtynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu web-saýtda resmi habarlar, şeýle hem prokuratura edaralary bilen baglanyşykly ähli täzelikler ýerleşdirilýär. Şeýle hem prokuratura edaralarynyň salgylary we telefon belgileri baradaky maglumatlaryň islendik raýat üçin elýeterliligi üpjün edilen. Prokuratura edaralarynyň raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek bilen baglanyşykly işleriniň hukuk binýady kämilleşdirilip, işgärleriň wezipe borçlaryny ýokary hünär derejesinde ýerine ýetirmeklerine ähli şertler döredilýär. Halkymyzy abadan, bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda bimöçber tagallalary edýän, döwletimiziň halkara abraýyny belende götermäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Aýbölek NURSÄHEDOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.