RUHLANDYRYJY IŞLER

25.03.2026

  Ýurdumyzda her ýylda Watan goragçylarynyň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Çünki Watanyň mukaddes bolşy ýaly, onuň goragy hem mukaddesdir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» romanlarynda, «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» ýaly ajaýyp kitaplary Watan goragçylarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde diýseň uly ähmiýete eýedir.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň buýsanja beslenen şu ajaýyp gününde ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Esenguly etrap prokuraturasynyň edara binasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi prokuratura edaralarynyň işgärlerini has yhlasly işlemäge ruhlandyrdy.

Dünýä ýüzünde parahatçylygy berkitmekde beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Baýramgül Potyýewa, Balkan welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji,
1-nji derejeli ýurist.