03.04.2026
Milli Liderimiziň yhlasly tagallalary bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri türkmen topragynda dörän ahalteke bedewleriniň şöhratyny artdyrýar. Has takygy, 2026-njy ýylyň ýanwarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýene-de ýylyň şygaryna mahsus derejede halkara sylagyna eýe boldy.
Şu ýylyň 16—25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Ol dünýäde iň gowy atçylyk sport topary hasap edilýär. Bu giň jemgyýetçiligiň pikiri. Ezber türgenleriň toparyna “Sirk rowaýaty” diýilmegi ahalteke bedewine berlen mynasyp bahadyr» diýip, belent baha berilýär.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri atçylyk sungatynyň beýik ösüşleriniň waspydyr.
Ajaýyp hereketleri bilen göwünleri joşdurýan ahalteke bedewlerini synlanyňda, Milli Liderimiziň «Bedew» atly goşgyndaky:
Guwan jymyz, şöhratymyz, şanymyz — Watandyr,
Gursakda şirin janymyz,
Ilime bagyş edip buýsanç baýlygyň,
Ýol açar sen ýyllardan-ýyllara, bedew!
— diýen setirlerine hiňleneniňi duýman galýarsyň.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyny, «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserini okanymyzda-da türkmen bedewi hakynda gyzykly maglumatlara gabat gelýäris. «Döwlet guşy» romanynda Berdimuhamet Annaýewiň dogany Aba Annaýewiň ömrüni gamyşgulak bedewleri ýetişdirmäge bagyşlandygynyň şaýady bolýarys.
Häzirki wagtda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäherinde gurlup, ulanylmaga berlen Halkara atçylyk akademiýasyna Aba Annaýewiň ady dakyldy.
Berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi babatda alnyp barylýan ägirt uly işler bilen bir hatarda, türkmen bedewini dünýä tanatmaga, şeýle-de ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge giňden goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýelden ýüwrük bedewlerimiz kimin ösüşlere baý ýyl bolsun!
Göwher Hydyrowa, Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.