ÝAGTY ERTIRE ŞAMÇYRAG

13.04.2026

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimize sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy halkyň geljege tarap batly we ynamly ädimidir.

Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasynyň işe girizilmegi hem-de sebitde nusgalyk bolan «akylly» şäher konsepsiýasynyň dabaralanmagy Türkmenistanyň innowasion kuwwatyny bütin dünýä äşgär etdi.

Bütindünýä poçta birleşigi bilen hyzmatdaşlykda «IPS» ulgamynyň ornaşdyrylmagy we yzygiderli geçirilýän «Sanly çözgüt» bäsleşikleri zehinli ýaşlarymyzyň intellektual baýlygynyň, döredijilikli gözlegleriniň miwesidir.

Ýurdumyzyň maglumat-aragatnaşyk düzüminiň dünýä standartlaryna çykmagy Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky iň ygtybarly sanly köprä — maglumat akymlarynyň strategik çatrygyna öwrülýändigini görkezýär.

Bu beýik özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarynyň durmuşymyzdaky aýdyň beýanydyr.

Biz bu gün sanly dünýäniň täze taryhyny ýazmak bilen, ertirki güne has ynamly garap, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalaryň kömegi bilen bütin yklymyň ösüşlerine özboluşly röwüş berýäris.

Ogulnur Ataýewa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň baş müdirliginiň statistika bölüminiň müdiri wezipesini ýerine ýetiriji.