01.05.2026
Sungatyň taryhy ojagy bolan ýurdumyzda bedewlerimize bolan sarpa özboluşly many-mazmuna eýedir. Munuň özi «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly jümläni döreden ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowamat tapmagydyr.
Ýeri gelende bellesek, halkymyzy meşhur eden gamyşgulak bedewlerimiz atşynaslaryň köp asyrlaryň dowamynda irginsiz zähmetiniň miwesidir. Türkmen bedewi dünýäniň münülýän atlarynyň köpüsiniň kämilleşmegine täsirini ýetiripdir. Bu barada dünýäniň belli alymy W. O. Witt: «Ahalteke atlarynyň kömegi bilen Ýer ýüzüniň atçylyk medeniýeti döredildi» diýip, örän dogry belleýär.
Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda ahalteke bedewiniň tohumynyň gadymylygyny, başga at tohumlarynyň döremegine özüniň täsirini ýetirendigi barada belleýär.
Türkmenleriň seýisçilik sungatyny dünýäde şöhratlandyran türkmeniň Arap atynyň nesli bolan Absent 1960-njy ýylda Rim, 1964-nji ýylda Tokio, 1968-nji ýylda Mehiko olimpiadalarynyň üçüsiniň hem ýeňijisi bolup, «XX asyryň bedewi» adyna mynasyp görüldi.
Heňňamlar aşyp, bize ýetip gelen bedewlere bolan söýgi-sarpany Gahryman Arkadagymyz has-da artdyrdy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da dünýä ýaýdy. Dünýäniň çar künjeginden köp sanly ahalteke atçylyk birleşmeleri we hususy atşynaslar bu assosiasiýanyň agzalygyna kabul edildi. Häzirki wagtda olaryň sany ýylsaýyn artýar hem-de bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär.
Şeýle hem atşynaslarymyzyň çekýän asylly zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar döredildi. Her ýylda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryna bu hormatly atlar dakylýar.
Dünýäde iň owadan hasap edilýän türkmen bedewleriniň gözelligine bu gün dünýä ýüzüniň halklary haýran galýar. 2024-nji ýylda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi we ony tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy ahalteke bedewleriniň gadymy mekany bolan ýurdumyzda bedewleriň arassa ganlylygyny gorap saklamak, olary milli seýisçilik däpleri esasynda idetmek we atlaryň baş sanyny artdyrmak, bedewleriň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Bedew — ýyndamlygy, maksada okgunlylygy alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip, atlaryň gadyr-gymmatyny täsirli beýan edýär.
Atyny dosty deýin eý gören ata-babalarymyz «At — myrat», «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Aty baryň — ganaty bar» ýaly asyrlarboýy halkyň durmuş pelsepesiniň esasynda durup gelen pähimleri döredipdirler.
Bu günki gün şol parasatly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şemşat Gurbangeldiýewa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň işgärler bölüminiň uly prokuror-metodisti,
2-nji derejeli ýurist