DÖWLET SYÝASATYNYŇ ESASY UGRY

12.05.2026

  Tebigy hukuklar diýen düşünje gadym döwürlerde dörän hem bolsa, diňe XVII–XIX asyrlaryň öňdebaryjy akyldarlary tarapyndan kämilleşdirilipdir. Şol döwürlerde diňe kanun esasynda berilýän we kadalaşdyryjy hukuk namalarda kesgitlenen hukuklaryň hem-de azatlyklaryň jeminden emele gelýän pozitiw hukuklardan tapawutlylykda, adam dünýä inen pursadyndan başlap, öz-özünden döreýän ynsan hukuklary hakynda taglymat emele gelipdir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kanunlaryň manysyny, mazmunyny we ulanylmagyny kesgitlemegi ýurdumyzda hereket edýän her bir kanunyň, kadalaşdyryjy hukuk namanyň mazmunynda hukuklaryňdyr azatlyklaryň göni ýa-da gytaklaýyn bozulmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Sebäbi döwletiň we hukugyň nazaryýetine laýyklykda, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda hukuga laýyk kanunlaryň agalyk etmegi häzirki zaman düşünjesinde hukuk döwletiniň ilkinji alamatydyr.

Kanunlaryň hukuga laýyk bolmagy diýlende, ilkinji nobatda, döwletiň kanun çykaryjy edarasy tarapyndan döwletiň adyndan kabul edilýän kanunlaryň adalatlylyk, ynsanperwerlik, halk häkimiýetliligi, deňhukuklylyk, ynsanyň tebigy hem mizemez hukuklarynyň eldegrilmesizligi ýaly umumy ykrar edilen hukuk ýörelgelerine hem-de hukugyň tebigatyna laýyk gelmegine düşünilýär.

«Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda», «Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda», «Adalatçy hakynda», «Bosgunlar hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bu ugurda esasy hukuk namalary bolup hyzmat edýär.

Goý, ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Meýlis GARRYÝEW, Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň
umumy bölüminiň müdiri,
1-nji derejeli ýurist.