AKYLDARYŇ ŞYGYRLARYNDA DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI

18.06.2026

Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda:

«Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähim-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýýan dana Pyragynyň göwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir. Ussat şahyryň çuňňur parasatly pikirlere ýugrulan goşgulary ynsan ömrüniň ähli pursatlarynda terbiýe berýär, adamzada beýik söýgini, ynsan mertebesini dabaralandyrýar» diýip, parasatly belläp geçýär.

Akyldar, filosof Magtymguly Pyragy syýasatdan, döwlet gurluşyndan, sosiologiýa, taryh, etnografiýa we başga-da ylmyň birnäçe ugurlaryndan ynsanperwerligi döredýän şygyrlary ýazan şahyrydyr. Dana akyldaryň döwletlilik garaýyşlarynyň gözbaşlaryna nazar aýlanymyzda, ilkinji nobatda, onuň halypasy, kakasy Döwletmämmet Azadynyň şugla saçýan parasadyny we başlangyçlaryny görýäris. Sebäbi, Garry mollanyň «Wagzy-Azat» eseri döwlet gurluşy, onuň dolandyrylyşy, döwlet baştutany baradaky pikirleri özünde jemleýän gymmatly hazynadyr.

Döwrümiziň alymlary «Wagzy-Azat» eseriniň ylmy-filosofik taglymatdygyny bireýýäm subut etdiler. Bu eser adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän garaýyşlary özünde jemleýän, ähli döwürlerde-de bahasy egzilmejek gymmatly gollanmadyr.

Ýaşan döwründe öz halkynyň ruhy hemaýatkärine, ruhy lukmanyna öwrülen Magtymguly Pyragy has çuňňur dünýägaraýşy bilen döwrüň çylşyrymly meselelerine akyl ýetirip, olaryň çözgüdini öz şygyrlarynyň mazmunynda halkyň aňyna guýmaga çalşypdyr.

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylinsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

diýmek bilen, şahyr ähli meseläniň çözgüdiniň jebislikde, agzybirlikdedigine, bir döwlete gulluk edilip, bir başa bakylyp, ähli maksatlar bir ugra gönükdirilende, halkyň öňünde durup biljek güýjüň ýokdugyna, ähli üstünlikleriň açarynyň şondadygyna ünsi çekýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň girişiniň:

«Ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamagy ündän wesýetlerine wepalylygymyzy we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygymyzy beýan edip»

diýen jümlelerini gaýtalanymyzda ýa-da «Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünýär, olar biri-birini deňagramlaşdyryp, özbaşdak hereket edýärler» diýen kadalarynda deňlik, ylalaşyk, arkalaşyk ýaly aňyrsynda jebisligiň we bitewi maksatlaryň duran kämil düşünjeleri görmek bolýar.

Dana şahyryň:

Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär,
Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar —

diýen paýhasly setirlerini üns bilen okaňda-da türkmen halkynyň zandyna siňen parahatçylyksöýüjilik, ylalaşyklylyk, oňşuklylyk ýaly asylly häsiýetler hyýalyňa gelýär.

Hut şu adamkärçilik ýörelgelerinden ugur alnyp, Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär» diýen kadalar orun aldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar» diýen kadalarynda akyldar şahyryň:

Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul —

diýen ündewiniň wysaly görünýär. Sebäbi, ile baş bolýan şahsyň hemmeler üçin deň nuruny paýlaýan Günüň alamatlaryny özünde jemlemegi eýýäm jemgyýet üçin deňhukuklylygyň dabaralanmagyny, döwletiň hemmeler üçin deň syýasatyny we kanunlaryny görkezýär.

Magtymgulynyň:

Supra ýaýyp, nan dökmäge,
Köňlüň himmeti gerek

ýa-da

Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli —

diýen setirlerini okanyňda, gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň milli däpleriniň haýyr işleri amal etmek, duýgudaşlyk, dürli sebäplere görä çylşyrymly durmuş ýagdaýlaryna düşen adama kömek bermek ýaly asylly ýörelgelere daýanýandygyna göz ýetirýärsiň.

Häzirki döwürde milletiň üýtgewsiz ynsanperwerlik gymmatlyklary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, çagalaryň kanuny bähbitlerini goramagyň hem-de üpjün etmegiň hukuk kepillikler toplumy bu oňyn syýasatyň anyk durmuş ugurlydygynyň subutnamasy bolup durýar. Bu ulgamda amala aşyrylýan köptaraplaýyn işler ösüp gelýän nesil barada yzygiderli alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ähli asylly başlangyçlary türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk parasatly hem-de ruhy-ahlak sütünleriniň mynasyp dowamyna öwrüldi.

«Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda taryhy Karara gol çeken pursatlaryndan bäri, bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýän netijeli işler nijeme ojaga, howandarlyga, goldawa mätäç nijeme çaganyň kalbyna sahawat nuruny eçdi.

Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisiniň Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen haýyr-sahawat gaznasyna Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy hem ýerine düşen, şol bir wagtyň özünde, ilat arasynda goldaw tapan çözgüt boldy. Çünki bu gün biziň hemmämiz Milli Liderimiziň başyny başlan howandarlyk, hemaýat, haýyr, sahawat ýaly durmuşy gözelleşdirýän asylly ýörelgeleriň has-da rowaçlanýandygynyň şaýady bolýarys.

«Ömür saly artar alkyş alanyň» diýip, ylahy ylhamly, dana Magtymguly Pyragynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ynsanperwer syýasatyň, adalatly kanunlaryň, asylly işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, buýsançly başlary belent, tutumly işleri rowaç bolsun!

Jennet ARAZOWA,
Arkadag şäheriniň prokurorynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.