22.06.2026
Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» romanlarynda, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» ýaly ençeme eserlerinde mähreban pederleriň paýhasyna hormat goýmagy durmuş hakykaty bilen utgaşyklykda anyk maglumatlar bilen subut edýär.
Milli Liderimiziň dürdäne eserlerinde beýan edilişi ýaly, Watana gulluk etmegiň beýik nusgasyny görkezen Mälikguly aganyň urşuň gazaply ýyllaryna gabat gelen çagalyk döwründe görkezen edermenlikleri munuň aýdyň mysalydyr. Şol gazaply hem juda kynçylykly ýyllarda on bir ýaşly çagalygyna garamazdan, adamlary zähmete we ýeňşe ruhlandyrýan goşgulary ýazan Mälikguly aganyň «Ýeňiş biziňki bolar!», «Uruş bolmasyn!», «Ýaşasyn!», «Köp ekeliň dänäni!», «Aslymy yzlasam mertdir pederim», «Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär» ýaly goşgulary hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýär. Ol goşgular ýaşlarda milli edebiýatymyza söýgi döretmegiň, okamak endiklerini kämilleşdirmegiň mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ol goşgularda beýik watansöýüjilik, adamlara mähiribanlyk we söýgi bar.
Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly aganyň şol goşgulary hemişe parahatçylyk isleýän we asudalygyň tarapdary bolan adamlaryň halal zähmete bolan islegleriniň buýsançly beýanydyr. Ol goşgular, Mälikguly aganyň bitiren nusgalyk işleri, ajaýyp ahlak sypatlary — Watany, halky, ata-eneleri ezizlemegiň, maksada okgunlylygyň, ruhubelentligiň beýik nusgasy bolup, kalplarymyzy watançylyga, belent ynsanperwerlige çagyrýan gaýtalanmajak simfoniýadyr.
Käri boýunça taryhçy mugallym, ýurduň içeri işler ulgamynda uly serkerdelige çenli gulluk ýoluny geçen Mälikguly aganyň durmuş ýoly, toplan baý tejribesi Watan goragçylary üçin merdanalygyň mekdebidir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynyň girişinde: «Şeýle agyr synaglara merdimerdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn. Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim», diýip nygtaýan sözleri halkyň milli däp-dessurlaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýan beýik ynsana berlen belent bahadyr.
Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 24-nji martynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasynda, dabaraly çäreleriň çäginde mähreban atasy, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, durmuş we zähmet ýoly nesillere nusgalyk görelde bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň güberçek görnüşindäki heýkeline tagzym etmegi nesillere peder sarpasyny tutmagyň kämil göreldesi boldy. Bu taryhy waka Mälikguly aganyň halk we Watan üçin bitirilýän her bir işiň ynsanyň iň uly baýlygydygyny ündeýän nesihatlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş şygaryna öwrülýändigini görkezdi.
Bu pursatlar hormatly Prezidentimiziň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýip bellemegi halkymyzda ata-enä, nesil terbiýesine uly hormat goýulýandygyna kepil geçýär.
Ulus-ilimiziň aýdyşy ýaly, Watanyň wepaly ogly Mälikguly aganyň Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmeti, ýaşlary zähmetsöýerlik we Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn uly hyzmatlary hem-de belent adamkärçiligi halkymyza görelde mekdebidir.
Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eserinde: «Halk diýeniň, millet hem ymmat diýeniň — mizan. Ol mydama seniň agramyňy ölçär durar» diýmek arkaly, adamyň özüni alyp barşyndaky hereketlerini, hyýal-häsiýetini halkyň bilýändigini we dogry bahalandyrýandygyny beýan edip, okyjynyň şahsy jogapkärçilik duýgusyny ösdürýär.
Ata-babalaryň kämil paýhasyny durmuşyň aýdyň ýörelgesine öwürmegi öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Daňatar ABDULLAÝEW,
Akdepe etrabynyň prokurory,
1-nji derejeli ýurist.