29.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda asuda we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan şanly sene — 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni bellenilip geçildi. Bu sene ösüş arkaly parahatçylyk ýörelgesine ygrarly hemişelik Bitarap döwletimizde belent ruhy joşgun bilen garşylanýar.
«Döwlet guşy» romanynyň baş gahrymany Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň uruş ýyllarynda çagalykdan saýlanyp, kynçylyklary türkmen ýigidine mahsus erjellik we maksada okgunlylyk häsiýetleri bilen ýeňip geçişi suratlandyrylýar. Uly meşhurlyga eýe bolan roman türkmen jemgyýetiniň gowgaly başdan geçirmeleri, zähmet edermenligi baradaky düşünjämizi giňeldip, merdanalarymyzyň öňündäki jogapkärçiligimizi has-da ýokarlandyrýar.
Türkmenistanyň kanunçylygynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary, uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary durmuş taýdan goramak boýunça hukuklar, ýeňillikler we köp sanly amatlyklar kepillendirilýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň bolsa «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly syýasatynyň durmuş ýüzünde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýakup ÖWEZOW,
Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň
umumy gözegçilik bölüminiň müdiri,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.