21.07.2026
Geçen hepdäniň wakalary halkymyzyň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny garşylamaga barýan ýolundaky täze ýeňişleriniň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.
14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Sebit düzümleriniň, hususan-da, “Merkezi Aziýa +” formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Söwda-ykdysady, şol sanda energetika, ulag-logistika ýaly strategik ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde bellenildi. Bu ugurda tagallalary utgaşdyrmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine uly orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, taraplar medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdiler.
15-nji iýulda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde çykyş etmek bilen, öňde durýan möhüm çärelere taýýarlyk görmek, ýokary zähmet üstünliklerini gazanan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça degişli işleri alyp barmak meselelerine ünsi çekdi. Şeýle-de milli atçylyk sungatymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanan üstünlikleri barada aýdyldy.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, degişli ýolbaşçylaryň netijeli işleri amala aşyrmalydyklaryny nygtady. Ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek, täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlarydyr. Şunuň bilen bir hatarda, bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, derman senagaty pudagyny ösdürmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma, oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir.
Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň agzalarynyň, deputatlaryň, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň umumymilli foruma taýýarlyk görülýän döwürde hem-de mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýola goýmalydyklaryny belledi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde Diýarymyzda sanly ulgamyň işini ösdürmek, Arkadag şäheriniň mysalynda şähergurluşyk maksatnamasyna sanlylaşdyrmak wezipelerini girizmek babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Mejlisiň jemleri boýunça Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek hem-de mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň düzümini tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi.
Geçen hepdede Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen «Gahryman Arkadagyň ak ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly wagyz-nesihat maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýan wezipelerine garaldy. Türkmenabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän binasynda bolsa Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen nurana metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrylmagy hem-de ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalyp, bu ugurdaky bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi mynasybetli toý sadakasy berildi.
16-17-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Gruziýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Mihail Kawelaşwiliniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Onda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, hususan-da, Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça «Hazar deňzi — Gara deňiz» ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyjy goldamaga aýratyn üns berildi. Parlamentara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şol bir wagtyň özünde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Mihail Kawelaşwilä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen bilelikde Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň geçirilen ýeri bolan “Ekspo Georgia” sergiler merkezine baryp gördi.
Döwlet Baştutanymyz forumda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň ýangyç-energetika, gazhimiýa pudaklaryny, dokma senagatyny hem-de oba hojalygyny hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýan esasy ugurlaryň hatarynda görkezdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, hususy telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge çekilmelidigini nygtady.
Ýurdumyzyň eksport kuwwaty Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisinde görkezildi. Giň gerimli gözden geçiriliş söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze formatlaryna çykmaga itergi berer.
Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ulag-logistika, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlary, syýahatçylygy hyzmatdaşlygyň esasy strategik ugurlary hökmünde belledi. Mundan başga-da, iki döwletiň işewürlik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygy tassyklanyldy. Ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we akademiki institutlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäni özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň we Gruziýanyň Hökümet Baştutanynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek, şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Gruziýanyň Premýer-ministri bilen netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini, bu duşuşyklaryň işjeň ýagdaýda geçendigini, saparyň dowamynda Gruziýanyň Prezidenti bilen hem duşuşygyň geçirilendigini aýdyp, şol gepleşikleriň Türkmenistanyň we Gruziýanyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklandygyny nygtady. Şunda geljek ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygyny giň gerimde we ýokary derejede bellemek baradaky teklip beýan edildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 50-den gowragy geçirilip, olaryň dowamynda şertnamalar baglaşyldy we ähtnamalara gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň netijeleri barada 18-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde-de aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň giň toplumyna seredildi. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ädim boldy. Şunuň bilen bir hatarda, Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda täze tapgyry alamatlandyrdy.
Mejlisiň dowamynda seredilen döwlet durmuşynyň beýleki meseleleriniň hatarynda milli kanunçylygy, hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, milli deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ýaly ugurlar bar. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak, himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýadyny berkitmek, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklipler hödürlenildi. Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyryna görülýän taýýarlyk barada-da maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna howanyň üýtgemegi bilen bagly alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmek hakyndaky teklipler hödürlenildi. Hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär. Pudagara topar degişli daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň hem-de halkara maliýe institutlarynyň wekilleri bilen yzygiderli gepleşikleri geçirer. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini we beýleki halkara ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri utgaşdyrar. Şeýle hem Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek, olara berilýän halkara goldawlary güýçlendirmek maksady bilen, ýokary derejeli sebitleýin we ählumumy maslahatlara, forumlara, sergilere işjeň gatnaşmak, olaryň çäklerinde ugurdaş çäreleri geçirmek, Türkmenistanyň milli pawilýonlaryny ýa-da tanyşdyryş meýdançalaryny döretmek teklip edildi.
Häzirki günde ählumumy howa gün tertibinde durýan esasy meseleleriň çözülmeginde Türkmenistanyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň täze institusional görnüşi hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek baradaky teklip beýan edildi.
Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça we çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak hem teklip edilýär. Meýilnama agzalan merkezleriň dolandyryş gurluşyny hem-de hyzmatdaşlyk gurallaryny öz içine alar. Merkezleriň geljekde sebit derejesinde öňdebaryjy hyzmatdaşlyk hem-de innowasiýa meýdançalaryna öwrülmegini üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri, beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen utgaşykly işleri dowam etdirmek maksadalaýyk hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiz taýýarlanylan teklipleri makullap, howanyň üýtgemegi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine garamagyndaky edara-kärhanalar üçin zerur bolan möçberdäki tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugyna zerur bolan enjamlary satyn almak barada «Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň pudagyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýändigini bellemek gerek. Geçen hepdede bolsa Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän gaz känindäki 04 belgili ulanyş guýusyndan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy. Guýynyň bir gije-gündizlik çykymy 700 müň kub metrden gowrakdyr.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan öňdengörüjilikli syýasatyny yzygiderli amala aşyrmaga ygrarlydygyny görkezýär.