27.07.2026
Arkadagly Gahryman Serdarymyz gymmatly edebi mirasy, dünýägaraýşy, çuň filosofiýaly şygyrlary bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn hormat goýýar. Döwlet Baştutanymyz akyldar şahyryň döredijiliginiň tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmekde, şahyryň dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekde beýik işleri durmuşa geçirýär.
2023-nji ýylyň maýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen 2024-nji ýylyň iýunynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Gündogaryň beýik akyldar şahyry, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek we wagyz etmek ulgamyny kämilleşdirmegiň hukuk esaslaryny döretdi.
Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi Watanymyzda we dünýäde bagtyýar, parahat hem abadan durmuşy, watansöýüjiligi, agzybirligi, halallygy, ynsanperwerligi ýaly adamzadyň hemişelik gymmatlyklaryna öwrülen ýörelgeleri wagyz edýän ajaýyp eserleriň döremegine ruhy badalga boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen onlarça döwlet Baştutanlarynyň, syýasatçylaryň hem-de dürli hünärlerde zähmet çekýän belli alymlaryň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy akyldarymyza goýulýan ägirt uly hormata berlen mynasyp bahadyr.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkelini we medeni-seýilgäh toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp, halkyň hyzmatyna berdi. Şeýle hem parahatçylyga çagyrýan eserleri, belent ideýalary bilen dünýäniň hakydasynda baky orun alan dürli halklaryň görnükli akyldarlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkellerini oturtmak arkaly halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerinden gözbaş alýan hemişelik Bitaraplygymyza çuň many-mazmun berdi.
Çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy beýik akyldara bolan çuňňur buýsanjyň beýanydyr.
Türkmen halkyny bedew bady bilen aýdyň ertirlere tarap alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Ýaran Ýaranow,
Şabat etrabynyň prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.