ÝAŞLARYŇ HUKUGY

12.08.2026

Döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Kanunda ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmagyny, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de ýaş raýatlaryň hukuklaryny, borçlaryny durmuşa geçirmäge, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutuldy» diýip ýazýar.

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda rejelenen görnüşde kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 24-nji maddasynda ýaşlaryň hünär bilimi edaralarynda okuwyň tölegini tölemek we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde okuw hem-de ylmy edebiýatlary edinmek, şeýle hem naharlanmak, ýaşamak we beýleki durmuş hajatlarynyň çykdajylaryny kem-käsleýin ýapmak üçin, mundan başga-da, ýaşaýyş jaýyny gurmak we edinmek, mellek ýerlerini, öý hojalygyny edinmek üçin ýaşlara ýeňillikli karzlary bölüp bermek barada girizilen kadalar Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» atly ynsanperwer şygaryny dabaralandyrýar.

Ýaşlarymyzyň sapaly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Kakajan ATAÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory,
1-nji derejeli ýurist.