ÝAŞLAR-ÝURDUMYZYŇ GELJEGI

16.08.2026

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr. Kitabyň ilkinji sahypasynda Gahryman Arkadagymyz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzynyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Bu sözleriň aňyrsynda ýaş nesle uly ynam bar. Döwletlilik ýolunyň tejribesi bar.

Bilimli, sagdyn bedenli, ýokary ahlakly ýaş nesli terbiýelemek meselesine döwlet möçberinde uly ähmiýet berlip, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugry bolup çykyş edýär.

Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenilýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň tassyklanylmagy dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda döwletimiziň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksadyndan ugur alýar.

Milli kanunçylygymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu kämilleşdirmäniň bilim ulgamyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny hem gurşap alýandygyny bellemek zerurdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugynyň kepillendirilişi bilen birlikde, döwletiň her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýändigi kesgitlenilýär. Bu konstitusion kada döwletimiziň her bir türkmenistanlynyň bilim almagy üçin zerur bolan şertleri döretjekdigi babatda öz üstüne borçnamalary alýandygyny aňladýar.

Döwletimiziň şu borçnamalary Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary babatyndaky esas goýujy konwensiýalarynyň kadalary bilen sazlaşýar. Adam hukuklary babatyndaky esasy halkara şertnamalarynyň biri hökmünde ykrar edilýän, 1966-njy ýylda kabul edilen 19/XII belgili Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara Paktyň 13-nji we 14-nji maddalarynda, çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň 28-nji we 29-njy maddalarynda beýan edilýän kadalar milli kanunçylygymyzda öz beýanyny tapýar.

Bilşimiz ýaly, bilim ulgamyny düzgünleşdirýän esasy kanunçylyk namasy hökmünde «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny çykyş edýär.

Ýaş nesil ýaşuly nesliň guwanjy, umydy. Adam hemişe özüniň ýetip bilmedik menzillerine perzentleriniň ýetmegi üçin yhlas edýär, umyt baglaýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, giň gözýetimli, dünýä derejesinde pikirlenip bilýän, halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyrmaga ukyply bolan nesli kemala getirmek baradaky taýsyz tagallalary türkmen ýaşlaryny çäksiz buýsandyrýar, uly maksatlara ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar hakyndaky alada döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biridir» diýip belleýär. Bu parasatly sözler ýurdumyzda ýaşlar babatynda edilýän atalyk aladalaryň many-mazmunyny özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini kesgitleýär.

Bu Kanunda ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary, olaryň hukuk goragy, Türkmenistanda ýaşlaryň hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary, durmuş goragy, ýaş maşgalalaryň döwlet goldawy, ýaşlar birleşikleri barada we beýleki kadalar giňden beýan edilip görkezilýär.

Umuman, ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnygynyň doly açylmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagyna, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyz barada taýsyz tagallalary edýän, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga mümkinçilik döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Jennet Arazo­wa,
Arkadag şäheriniň prokurorynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.