BEHIŞDI BEDEWLER BUÝSANJYMYZDYR

27.08.2026

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» atçylyk toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu iri forum täsin we ýatda galyjy çäreleriň toplumy hökmünde Watanymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly geçmişini, atşynaslyk boýunça ýeten ýokary derejesini Ýewropada tanydar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda meýilleşdirilen beýleki halkara çärelerde bolşy ýaly, bu forum hem medeni diplomatiýanyň gurallaryny işjeňleşdirmäge, behişdi bedewleriň halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň ilçileri hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmen bedewleriniň şöhraty miladydan öňki müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip, ganyny arassa saklap, nesillerimize galdyrypdyr. Şonuň üçin hem Türkmenistan behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdur.

Bu barada atşynas, görnükli alym, atlaryň janköýeri, professor W.O.Wittiň: «Türkmen bedewleri şol gadymy arassa gandaky atlaryň soňky damjalarydyr. Onuň kömegi arkaly dünýäniň atşynaslyk ulgamynyň ähli medeniýeti kemala getirildi» diýen jümlelerini buýsanç bilen ýatlamak bolar.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, behişdi bedewlerimiziň gadymky şöhraty milli miras hökmünde has-da dabaralandy. 1991-nji ýylda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň döredilmegi bolsa ömrüni bedewlere bagyşlan tejribeli seýisleriň, ussat hünärmenleriň bu ugurda alyp barýan göreldeli işlerini kämilleşdirmäge, ajaýyp tohum atlarynyň ösdürilip ýetişdirilmeginiň gizlin syrlaryny, köpasyrlyk tejribelere daýanýan milletimiziň atadan ogla, nesilden-nesle geçiren milli däplerini ösdürmäge, türkmen bedewleriniň sanyny köpeltmäge, tohumçylyk nesil ugurlaryny we atşynaslygyň asylly ýörelgelerini giňeltmäge mümkinçilik döretdi.

2010-njy ýylyň awgustynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi we oňa Milli Liderimiziň ýolbaşçylyk etmegi Diýarymyzda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän ähli işleriň özgertmelere gönükdirilen bitewi syýasatdan gözbaş alýandygyndan habar berýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde hereket edýän aýlawlarda her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde at çapyşyklary yzygiderli geçirilýär. Diýarymyzda diňe bir at çapyşyklary däl, eýsem, milli at üstündäki oýunlar, konkur boýunça ýaryşlar, görkezme çykyşlary hem guralýar.

Türkmen ýigitleri gadymdan gelýän milli at üstündäki «Ata bukulma we atly bukulma», «Atly göreş», «Çybyk kesdi», «Altyn gabak», «Syrtmak atma», «At bökdürme», «At agdarma» ýaly türgenleşik häsiýetli oýunlary häzirki wagtda hem sungat derejesinde kämilleşdirip ýerine ýetirýärler. Muňa mysal edip, 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparyny agzamak bolar. Bu toparlar atçylyk sport ýaryşlaryna, sirk sungaty festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlar bilen ýurdumyza dolanýarlar.

Ussat halypalary döwlet tarapyndan sylaglamak, olara mynasyp baha bermek ýaly asylly ýörelgeler hem yzygiderli alnyp barylýar. Şol maksat bilen ýurdumyzda «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» hem-de «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar döredildi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymanydyr. Ruhy baýlygymyzyň, milli bitewüligimiziň we sarsmaz döwletliligimiziň dabaralanmasy bolup taryha ýazylan ganatly bedewlerimiziň bady hemişe belent bolsun!

Şöhrat Tuwakow,
Garaşsyzlyk etrabynyň prokurory,
2-nji derejeli ýurist