PAÝHAS SYNAGY

14.09.2026

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnaýan täjirler, jahankeşdeler bir ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýy, ilatyň ýaşaýşy, medeniýeti barada maglumatlary beýleki ýurtlara ýetiripdirler. Şol döwürlerde ylym ösüp, patyşalar daşary ýurtlara ilçi edip, dana adamlary ýollapdyrlar. Ilçiler özleriniň ukyby bilen tapawutlanyp, ýurtlaryň arasynda sözsüz yşarat ýa-da sowgatlaryň görnüşleri arkaly bir ýurduň beýleki ýurda garaýşyny, iş saparynyň maksadyny beýan etmegi başarypdyrlar. Beýleki ýurduň emeldarlary bu syrly tilsimiň manysyna düşünmeli we jogap bermeli eken. Bu bolsa köşk emeldarlaryndan ýiti paýhas, kesgir zehin talap edipdir. Söweşde diňe güýç däl, paýhasyň has zerurdygyna akyl ýetiren patyşalar birek-biregiň ukybyny barlapdyrlar.

Şol döwürlerde bir patyşanyň huzuryna jahankeşde sypatynda saýry ýurduň ilçisi gelipdir. Ol saglyk-amanlyk soraşylanyndan soň, hiç bir söz diýmän, patyşanyň tagtynyň daşyndan bir gezek aýlanypdyr-da, daşrak çekilip durupdyr. Patyşa-da, emeldarlar-da ilçiniň bolşuna düşünmändirler. Köşgüň danalary-da bu hereketlerden nähili many çykarmalydygyny bilmändirler. Ilçiler şeýle emelleri ulanmak arkaly diňe bir garaýşyny seresaply beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, şol ýurduň emeldarlarynyň parasadyny-da synagdan geçirýän ekenler. Waka derwaýys bolansoň, bir gije-gündiziň dowamynda ilçiniň hereketleriniň ýorgudyny tapmagy köşk danalaryndan talap edipdir. Köşk danalary näçe kelle döwseler-de, bu hereketlerden asla baş çykaryp bilmändirler.

Ahyrynda, il içinde dana hasaplanýan bir garry dokmaçy hakynda eşiden zatlary ýatlaryna düşüp, onuň gözlegine çykypdyrlar we ony çetki obalaryň birindäki köne külbede tapypdyrlar. Köşk danalary dokmaça köşkde bolan wakalary gürrüň berip, ilçiniň hereketlerinden nähili many çykarmalydygyny sorapdyrlar. Dokmaçy hiç zat gürlemän, iki sany aşyk-jübüsine salyp, ýola bir sany horazy-da torbasyna salyp, köşge tarap gaýdypdyr. Ilçiniň garşysyna baryp, jübüsindäki aşyk­lary onuň öňüne ok­lapdyr. Muny gören ilçi jübüsinden bir penje daryny çykaryp, seçip goýberipdir. Şonda dokmaçy torbasyndaky hälki horazy çykarypdyr welin, ol bir salymda darylary çomup gutarypdyr. Muny gören ilçi sesini çykarman, köşkden çykyp gidipdir.

Patyşa dokmaçydan bu hereketleriň manysyny soranynda, dokmaçy:

-Ilçi tagtyň daşyndan aýlanyp, daşa süýşmek bilen, öz ýurdunyň şasynyň ýurdumyzy eýeläp, elgarama edip, öz ýurdunda oturan ýerinden dolandyrmak niýetiniň bardygyny beýan etdi. Men onuň öňüne aşyk­lary ok­lamak bilen, olaryň entek gögele­digini we uruş hakda pikir etmän, aşyk oýnamaklary yşarat etdim. Ilçi bir penje dary seçmek bilen, öz goşunlarynyň san-sajaksyzdygyny ýaňzytdy. Men bolsa horaz arkaly bir esgeriň onuň leşgerine taý geljekdigini görkezdim - diýipdir.

Dokmaçynyň danalygyna göwni ýeten şa oňa baş wezirligi teklip edipdir.

Dokmaçy her kesiň öz hünäriniň ýagşysyny aýdypdyr we ýurduň şasyna hakyky danalaryň, ýiti paýhasyň hemişe halkyň arasyndan çykýandygyny, şonuň üçin hemişe halkyň içinde bolup, döwleti dolandyrmakda halkyň wekilleriniň pikirini diňlemegi maslahat berip, obasyna dolanypdyr.

Jennet Arazowa,
Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi

Jennet Arazowa, Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.