17.09.2026
Bagtdan paýly türkmeniň ylham güzerine joşgun eçilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bedew bady bilen ösýän asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. Bu günki gün eziz Watanymyz dünýäde gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany, arzuwlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde tanalýar hem-de ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletimiz ykdysady, syýasy, medeni, ylmy taýdan ösüşleriň belent sepgitlerine ýetip, halkymyz eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýar.
Garaşsyzlygyň şanly 35 ýylynyň dowamynda erkinlige guwanyp ýaşaýan ynsanlaryň ählisi ata Watanymyzda Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýen talabynyň we Gahryman Arkadagymyzyň: «Adamlar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr» diýip bellän paýhasly görkezmesiniň durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarlar. Raýatlaryň kanun taýdan goraglylygy üpjün edilip, olaryň hukuklary we azatlyklary, kanuny bähbitleri ygtybarly goralýar.
Ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalara gönükdirilýän giň möçberli maksatnamalarda ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşini dowam etmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän ähli tutumly özgertmeleri görmek bolýar. Bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyna we rowaçlygyna gönükdirilendir.
Ol her bir türkmenistanlyny arassa we päk ýürekden halal zähmet çekip, döwletimiziň ösüşine şahsy goşandyny goşmaga çagyryş bolup ýaňlanýar. Akyl-paýhasyň, ynsanperwerligiň, sahawatyň, mertligiň beýik nusgasy bolan Gahryman Arkadagymyzyň peder dowamatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ähli başlangyçlary esasynda döwletimiz uly ösüşlere ýetýär. Garaşsyz ýurdumyzyň, merdana halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Watany özgertmek, halkymyzyň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we wagyz etmek işleriniň täze ýollaryny açmak baradaky pähim-paýhasa ýugrulan bu kämil jümleleri ajaýyp we bagtyýar geljegimiziň ýagty şuglasy bolup dabaralanýarlar.
Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda erkinligi söýen, döwletlilik hakdaky arzuwlaryny baýdak edinip, dabaralandyryp gezen halkdyr. Şol sebäpli hem bu baýramçylyga halkymyz aýratyn yhlas bilen taýýarlyk görýär. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, her kim öz iş ornunda bu baýramçylyga zähmet sowgady bilen barmagy arzuw edýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürýän, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli ähli işleriniň rowaç almagyny, toýlarymyzyň toýlara ulaşmagyny arzuw edýäris.
Tirkişmyrat Atanazarow, Gökdepe etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.