23.09.2026
Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda: «Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün edýär» diýlip kesgitlenilýär. Bu kada döwletiň içerki we daşary syýasatda doly garaşsyz bolmagyny, çäkleriniň eldegrilmesizligini, ykdysady özygtyýarlylygyny aňladýar. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň durmuşynda taryhy mukaddeslikdir. Halkara giňişliginde mynasyp orny eýelemek bilen, ýurdumyz tutuş dünýäde oňyn işleri we daşary syýasaty, halkymyzyň häzirki hem-de geljekki nesilleriniň abadan durmuşyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen düýpli oňyn özgertmeleri arkaly giňden tanalýar.
Ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan ägirt uly özgertmeler bolup geçýär. Ösüşleriň we özgerişleriň gözbaşynda durýan mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy döredijilikli işlemäge, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren, şöhratly taryhymyzyň öçmejek sahypalaryny suratlandyrýan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty barada gürrüň berýän «Garaşsyzlyk- bagtymyz» atly gymmatly eserinde türkmen halkynyň ýüreginde asyrlarboýy ýaşan Garaşsyz döwletli bolmak arzuwynyň wysal bolmagy ugrunda amala aşyrylan beýik işler, ýetilen belent sepgitler täsirli beýan edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Döwran Gaýypow, Daşoguz şäheriniň prokurorynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň geňeşçisi.